Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa edilen Krymyň guberatory Sergeý Aksenow beren ýazmaça beýanatynda, köprüde adatdan daşary ýagdaýyň başdan geçirilendigini habar berdi.
Şol sebäpli adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini we ulaglara ýapylandygyny aýdan Aksenow: "Howpsuzlyk we degişli edaralar iş geçirýärler" diýip mälim etdi.
RBK-Ukraina habar saýty bolsa Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugyna (SBU) salgylanyp beren habarynda, Krym köprüsiniň gurluşyndaky bozulmagy bilen bagly habar çap etdi.
Habarda Krym köprüsine garşy hüjümiň guralandygy, wakanyň SBU we Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleri tarapyndan meýilleşdirilendigi we suwüsti sürüjisiz howa ulaglarynyň kömegi bilen amala aşyrylandygy mälim edildi.
Habar saýtyna beýanat beren habar çeşmesi: "Köprä suwüsti sürüjisiz ulaglar bilen hüjüm guraldy. Köprä barmak kyndy, emma ahyrynda onuň hötdesinden geldik" diýip habar berdi.
Köprüde geçen ýylyň noýabr aýynda bolan partlama sebäpli 3 adam ýogalypdy.