Muglanyň Bodrum etrabyna iki kruiz gämisi bilen 3 müň 162 ýolagçy geldi.
Maltanyň baýdagyny göterýän 295 metrlik “Mein Schiff 5” atly kruiz gämisi bilen Fransiýanyň baýdagyny göterýän 187 metrlik “Club Med 2”atly kruiz gämileri Bodruma geldi.
Kuşadasyndan etaba gelen “Mein Schiff 5” gämisiniň 2816 ýolagçysy bilen 913 ekipažy, Samosdan gelen “Club Med 2” atly kruiz gämisiniň bolsa 346 ýolagçysy bilen 214 ekipažy bar.
Kruiz gämileriniň ýolagçylary etrapdaky taryhy we syýahatçylyk ýerlerine baryp gördi.