Bütindünýä boks guramasy (WBO) boýunça ýarym orta agramda dünýä çempiony (66,7 kg çenli) amerikaly Terens Krouford öz watandaşy Şon Porteri ýeňip, çempionlyk adyny saklap galdy.
Şenbe güni Las Wegasda geçirilen söweşde 34 ýaşly Kroufor garşydaşyny onunjy raundda tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy.Netijede, Krouford 38 söweşde 38-nji ýeňşini gazandy (29-y nokaut bilen).
Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) we Halkara Boks Federasiýasynyň (IBF) öňki çempiony 34 ýaşly Porter üçin bu dördünji ýeňliş boldy. Şeýle hem onuň hasabynda bir deňlik we 31 ýeňiş (17-si nokaut bilen) bar.