2021-nji ýyldaky satuwlaryň jemleri boýunça Toyota RAV4 Ýer togalagynda iň arzyly ulag boldy. Motor1 neşiriniň we JATO Dynamics seljeriş kompaniýasynyň hünärmenleri 106 ýurtdan alnan söwda maglumatlaryny (olar global söwdalaryň 99% töweregini öz içine alýar) seljerip, şeýle netijä geldiler. Mundan hem başga, iň meşhur awtoulaglaryň Top-10-yna ilkinji gezek elektrokar girdi: bu Tesla Model 3.
Toyota Rav4-iň dünýä boýunça 1 132 000 sanysy satyldy.Bu oňa öňki öňdelikçi, 1 104 000 sanysy satylan Toyota Corolla-ny ikinji ýere süýşürmäge mümkinçilik berdi. Üçünji orny ýapon wsedorožnigi — Honda CR-V eýeledi, ony 903 müň adam satyn alypdy. Şeýle-de, öňdäki orunda barýan onluga Nissan Sentra, Toyota Camry, Honda HR-V, Ford F-150, Toyota Hilux, Tesla Model 3 we Honda Accord (481 müň ulag) girdi. Şeýlelikde, dünýäde iň meşhur ulaglaryň ondan sekizisi ýapon gelip çykyşlydyr. Şeýle hem şol modelleriň käbiri öz toparlarynda öňdäki orunlary eýelediler.
Meselem, Toyota Camry-ni orta ölçegdäki iň islegli sedan diýip atlandyrdylar, Ford F-150-ni bolsa meşhur pikapa deňediler.Premial awtoulaglaryň sanawynyň başyny c seriýaly BMW 3 çekýär, onuň 329 müň sanysy satylypdyr, ultra ykjam modelleriň arasynda Hytaýyň Wuling Hongguang Mini EV (391 ulag) elektrokary öňde barýar, sportkarlaryň arasynda bolsa 2021-nji ýylda iň gowy satylany Ford Mustang — 70 müň sany.