Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda ýerli ýaşaýjy öýüne krokodiliň girip, uzak gije öz ýatýan krowatynyň aşagynda ýatandygyndan bihabar galdy diýip, News18 portalyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.
Ýyrtyjy haýwany erkek kişi diňe ertesi irden gördi, ol krowatyň aşagynda ýatan krokodili görüp, polisiýany çagyrdy, emma olar gelmediler.
Onsoň ýerli ýaşaýjylar üýşüp süýrenijiniň äňini daňyp, plastik halta saldylar we tokaýlary goramak gullugynyň işgärlerine tabşyrdylar.
Süýrenijini golaýdaky derýa goýberdiler, hünärmenler onuň öýe güýçli ýagyşlardan we sil joşmasyndan gaçyp düşendigini çaklaýarlar. Ejir çeken ýok diýlip, habarda aýdylýar.