"Krizis eýýäm geldi". Suw ýetmezçiligi Türkmenistanyň geljegine abanýan howpdan habar berýär

"Krizis eýýäm geldi". Suw ýetmezçiligi Türkmenistanyň geljegine abanýan howpdan habar berýär

Türkmenistan ýakyn wagtda ýaşamak üçin oňaýsyz bolup biler. Şeýle pikir "Progress" fondunyň maglumatynda Hazar syýasaty merkeziniň alymy Erik Rudenshioldyň “Merkezi Aziýany halas etmek giçmi? Krizis eýýäm şol ýerde " atly barlaglary esasynda öňe sürülýär.

Barlaglaryň netijesine görä, Merkezi Aziýanyň ilatynyň üçden bir bölegi ýa-da 22 million ilaty arassa agyz suwundan peýdalanyp bilmeýär; howanyň temperaturasy dünýädäki görkezijilerden ortaça iki esse köp ýokarlanýar; sebitdäki buzluklaryň üçden biri eýýäm eredi; we suw üpjünçiligi 1960-njy ýyllardan bäri dört esse azaldy.

Türkmenistan suw üpjünçiligi taýdan “ýokary stres” astyndaky döwlet hökmünde kesgitlenýär.

Suw akymynyň aşaky böleginde ýerleşýän ýurt hökmünde Türkmenistan 2023-nji ýylda Amyderýanyň suw derejesi öňki ýyllar bilen deňeşdirilende üç esse azalansoň suw mukdarynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy.Owganystanyň Amyderýanyň ýokarky böleginde Koş-Tepe kanalyny gurmagy, Türkmenistana suw akymynyň 20-30% azalmak howpuny döredýär, sebäbi Amyderýa ýurduň esasy suw çeşmesi bolup, 800 kilometrlik Garagum kanaly arkaly üç million gektardan gowrak ýeri suwarýar.

Ylmy barlagda bellenip geçilişi ýaly, ähli suwuň 90% -ini oba hojalygyna sarp edýän ýurduň suw baýlyklaryny paýhasly ulanmagy mesele bolup durýar.Umumy içerki önüminiň 10% -ini emele getirýän pagta önümçiligi we tüwi önümçiligi suwy köp talap edýän ekinlerdir.

Uzak wagtlap dowam edýän pagta önümçiligi Aral deňziniň guramagyna, onuň ýerüsti meýdanynyň 75% azalmagyna, topragyň duzlulygynyň ýokarlanmagyna we zäherli tozan tupanlarynyň ýaýramagyna sebäp boldy.

Hasabatda Türkmenistanyň çäginiň 80% töwereginiň güýçli tozan we gum tupanlaryny başdan geçirýändigi, çölleşmäniň hasam güýçlenýändigi we ýüzlerçe million dollarlyk ykdysady ýitgilere sebäp bolýandygy aýdylýar we Türkmenistanda howanyň aşa gyzýandygy bellenýär.

Soňky birnäçe ýylda tomus howanyň gyzgyny adaty bolmadyk derejelere çykdy, gyşda bolsa aşa aýazly günler köpeldi.

Mundan başga-da, barlagda Russiýa tarapyndan Ural we Wolga derýalarynyň oba hojalygy üçin gönükdirilmegi sebäpli Hazar deňzindäki suw derejesiniň ep-esli azalandygyny belleýär. Hazaryň kenarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň hem agyz suwy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Hazaryň suwuny süýjedýändigi we munuň deňiz zaýalanmagyny hasam güýçlendirýändigi aýdylýar.

Hasabata görä, Türkmenistan sebitiň ekologiýasyna ýaramaz täsir edýär. Ýurt dünýäde howany hapalaýan esasy ýurtlaryň sanawynda 44-nji orunda durýar we dünýäde iň köp metan zyňýanlaryň biri bolýar. Metan zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen Türkmenistan 2023-nji ýylda Global Metan Girewi guramasyna goşuldy we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça halkara hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyga başlady.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen we Hazar Syýasaty Merkeziniň geňeşiniň agzasy Brýus Pannier, Türkmenistanyň sebitdäki daşky gurşawyň zaýalanmagyna täsiri uly diýip hasaplaýar:

"Giňişliginiň 90%-ni çöl tutýan Türkmenistan ýagdaýy agyrlaşdyran hereketleriň ençemesini etdi. Ýerden paýhasly peýdalanmazlyk, çölde emeli köl döretmek ýaly tükeniksiz taslamalary agzap bolar.Hazar deňziniň suwy azalýar.

Amyderýa gurap barýar, bu aralykda Türkmenistanyň çäginde suwuň sarp edilişi artýar, Garagum kanaly bilen baglanyşykly problemalar saklanýar.Emma Türkmenistan bu meseleleri çözmek üçin ýeterlik pul sarp etmeýär, suw howdanlaryny gurmaýar, oba hojalygynyň ekin meýdanlaryny topragyny dikeltmek üçin zerur çäreleri görmeýär.

Bu şertlerde howanyň ýaramazlaşmagy tebigy bir zat. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýakyn birnäçe onýyllyklarda ýaşap bolmajak bir ýere öwrülmegi gaty ähtimal".

Hazar Syýasaty Merkeziniň çap eden hasabatynda Merkezi Aziýa hökümetleriniň sebitde howanyň gyzmagyny haýallatmak, buzluklaryň we suw üpjünçiliginiň çalt azalmagynyň öňüni almak, infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, täze, tebigata zyýansyz tehnologiýalara geçmek we esasy pudaklary üçin suw resurslaryny ulanmagy azaltmak üçin bilelikde işlemelidigi aýdylýar.

Sebitdäki goňşularyndan tapawutlylykda Türkmenistan daşky gurşaw problemasynyň derejesini görkezýän maglumatlary çap etmeýär. Ýurtda suwuň, şol sanda agyz suwunyň ýetmezçiliginiň ýylsaýyn erbetleşýän döwründe howanyň görkezijileri ep-esli üýtgeýär, tupan, suw joşmasy, duzly we gumly tupanlar ýaly tebigy betbagtçylyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar, ýöne ýurduň häkimiýetleri problemalary agzamaýar we bolýan ýagdaýlary hatda ykrar hem etmeýär.

Brýus Pannieriň pikiriçe, Türkmenistanyň bolup geçýän ýagdaýlar babatynda anyk çäre görmegine zerurlyk artýar:

"Türkmenistanyň hökümeti mundan beýläk ünsden düşürip bolmajak bu meseleleri çözmekden saklanýar. Statistika bermeýär. Emma ençeme ýyl bäri pese gaçýan oba hojalygynyň ýagdaýynyň 2028-nji ýyldan soň hasam ýaramazlaşjakdygyny çaklap bileris. "Talyban" Koştepe kanalynyň gurluşygyny tamamlasa "Türkmenistan üçin suw hasam azalar. Şeýlelik bilen howsala düşmäge ähli esas bar, ýöne türkmen hökümeti asla bolup geçýän zatlara üns bermezlige synanyşýar."

Hasabatyň awtorlarynyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary suw we beýleki meseleler barada pikir alyşmak üçin bilelikde işleşip başladylar, ýöne hyzmatdaşlyk haýal ösýär. Şeýle-de bolsa, awtorlaryň pikiriçe, suw, howa, energiýa, azyk, ilat we konfliktler biri-biri bilen baglanyşykly meseleler bolup, bularyň her biri Merkezi Aziýanyň uzak möhletli geljegine howp döredýär we sebitiň köp bölegini adamlar üçin ýaşap bolmajak ýere öwrülmegine alyp barýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Hazaryň suwunyň çekilmegi rekord derejede dowam edýär
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy
Galla Krizisi Çözülýär
ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny