Kristiano Ronaldo super teklip

“Mançester Ýunaýted” bilen şertnamasy ýatyrylan portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo super teklip gelip gowuşdy. “CBS Sports”-yň habar bermegine görä, Saud Arabystanynyň iň meşhur topary “Al-Nassr” kluby Ronaldony düzümine goşmakçy bolýar.

Arap kluby 37 ýaşyndaky super ýyldyza 3 ýyllyk şertnama teklip edýär.Ronaldo şol 3 ýylyň dowamynda-da 225 million dollar hak alar. “Al-Nassr” topary Saud Arabystanynda soňky gezek 2019-njy ýylda çempion bolupdy.

Olaryň 9 çempionlygy bar.

Ronaldo bilen “Al-Nassrdan” başga-da Angliýanyň “Çelsi”, “Nýukasl” klublary hem gyzyklanýar. Oýunçynyň haýsy klub bilen şertnama baglaşjakdygy häzirlikçe nämälim bolup, Dünýä Kubogyndan soň onuň çykyş etjek klubunyň belli bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
16 duşuşyk 48 gol
Ronaldonyň 60 million ýewrolyk täze topardaşy
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi
Ronaldonyň möwsümdäki 10-njy, “Al Nassrdaky” 30-njy goly