Kristiano Ronaldo näme üçin karýerasyny tamamlanok?!

Bir döwürleriň meşhur futbolçysy, rumyniýaly Adrian Mutu super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň näme sebäpden futboly taşlamaýandygyny aýtdy.Has takygy, ony ýaşynyň ulalýandygyna garamazdan, futbola iterýän bir zat bar diýip, rumyniýaly futbolçy belleýär.

Ol ýurdunyň “IAM Sport” neşirine beren beýanatynda Ronaldonyň butsylaryny asyp goýmazdan ozal, ogly Kristiano Junior bilen bir toparda çykyş etmek isleýändigini belläp geçýär.Maý aýynda Saud Arabystanynda Ronaldo bilen duşuşan Mutu: Onuň iň esasy motiwasiýasy şol.

Ol bu maksadyna ýetmek isleýär.Ogly bilen resmi bir duşuşykda oýnamak isleýändigi üçin futboly goýbolsun edenok. “Al Nassr” toparynda Ronaldonyň bu maksadyna ýetmegi mümkin. Ýöne başga bir klubda, kynrak bolup biler, bilmedim-dä.

Mysal üçin “Real Madridde” bolman bilerdi diýip, gürrüň berdi.

Ronaldonyň iň uly ogly Kristiano Ronaldo Junior 2010-njy ýylyň 17-nji iýunynda dünýä indi we häzirki wagtda golaýda 14 ýaşyny doldurdy. OI “Al Nassr” toparynyň ýaşlar düzüminde oýnaýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, Ronaldonyň ýene-de birnäçe ýyl futbol oýnamagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly
Karwahal hem-de Naço meşhur sanawa giren 12-13-nji futbolçy boldy
Ilkinji gezek gol geçirip bilmedik Ronaldo, şol sanda ýoldaşlary öýlerine dolanmaly boldy
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)