Super ýyldyz Kristiano Ronaldo dünýä futbolynyň üns merkezinde galmagyny dowam edýär.Katar 2022 Dünýä Kubogynyň başlamagyna az wagt galanda, “The Sun” gazetine beren beýanaty bilen ähli kişiniň ünsüni özüne jemläpdi.
Ol şol interwýusynda kluby, tälimçisi, klubuň ýolbaşçylary hakynda käbir beýanatlar beripdi. Şondan soň kluby bilen arasyndaky tow hasam güýçlendi.Netijede-de, garaşylýan waka boldy. Ýagny dünýäniň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo mundan soň “Mançester Ýunaýtediň” futbolçysy däl. Ýarygijeden öň berlen habarda klubuň oýunçysy Kristiano Ronaldo bilen şertnamasynyň iki tarapyň razylygy boýunça ýatyrylandygy mälim edildi.
Beýanatda futbolça mundan soňky durmuşynda uly üstünlikler arzuw edilip, oýunçynyň “Ýunaýtedde” umumylykda 346 oýunda 145 gol geçirendigi bellenilýär.Beýanatyň ahyrynda-da “Ýunaýteddäki ähli kişini tälimçi Erik Ten Hagyň ýolbaşçylygynda klubuň şowly netijeler gazanmagy üçin bilelikde hereket etmäge taýýardygy” aýratyn nygtalýar.
Bu aýralykdan soň Ronaldo bolsa: “Täze başdan geçirmelere gadam basmagyň dogry wagty. Mançester Ýunaýtedi gowy görýärin. Bu hemişe-de şeýle bolar. Klub bilen geçiren gepleşiklerden soň iki tarapyň hem islegi boýunça şertnamamyzy ýatyrdyk. Kluba gelejekde-de uly üstünlikler arzuw edýärin” diýip, beýanat bilen çykyş etdi.