
Aktýor Kris Rok amerikaly raýat hukuklary üçin göreşiji Martin Lýuter Kingleriň kiçisi barada film surata düşürmekçi. 58 ýaşly artistiň režissýorlyk etjek filmini Stiwen Spilberg hem-de Universal Pictures studiýasy maliýeleşdirer diýip, Kinonews.ru habar berýär.
Film Jonatan Eýgiň King: Onuň durmuşy diýen kitaby boýunça surata alnar, kitapda Martin Lýuter Kingiň mekdep ýyllaryndan başlanýan taryhy gürrüň berýär.
Ýazyjy eserinde Amerikada jynsparazlyk gatnaşyklaryny özgerden adamyň başdangeçirmelerini tolgundyryjy gürrüň berýär.