Kriptopuly kabul eder

Ýaponiýanyň “SBI Motor Japan” kompaniýasy “Bitcoin” (BTC) we XRP (Ripple) kriptopullaryny töleg serişdesi hökmünde kabul etjekdigini mälim etdi. Bu usul arkaly töleg “SBI Group” maliýe edarasynyň blokçeýn şahasy bolan “SBI VC Trade” arkaly amala aşyrylar. Kompaniýa, esasan, Afrika ýurtlarynda işleýär.

Soňky ýyllarda bu sebitde kriptopullar ýaýrap başlady. Golaýda Orta Afrika Respublikasy “Bitcoin”-i resmi pul birligi hökmünde kabul edipdi. Şeýle hem Ýaponiýanyň “SBI Group” kompaniýasyna degişli bolan “Morningstar” hem XRP kriptopuly bilen bagly maksatnamasyny giňeldendigini mälim edipdi.

Suraç Abdullaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýaponiýanyň agrar pudagy şalydan bugdaýyň önümçiligine geçýär
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Altyn ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy
Ýaponiýada ömrüň ortaça dowamlylygy ýokarlanýar
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS