Halkara töleg ulgamy Visa-nyň wekilleri kriptowalýuta birlikleri bilen bagly tölegleriň 1 milliard dollardan geçendigini mälim etdiler.Kompaniýanyň ýolbaşçylary kriptowalýuta birlikleriniň beýleki pul birlikleri ýaly ulanylmagynyň maksat edinilýändigini we munuň üçin ekoulgam döretmegi maksat edinýändiklerini bellediler.
Häzirki wagtda kriptopul birliklerini birnäçe kompaniýa adaty töleg serişdesi hökmünde kabul edýär.Visa-nyň wekilleriniň beren maglumatyna görä, kriptopul bilen bagly kartlaryň ulanylmagy şu ýylyň birinji ýarymynda uly öňegidişlik gazanypdyr.
Kompaniýa kriptopuluň ulanylmagyny ýeňilleşdirýän çözgütleri hem taýýarlaýandygyny mälim etdi.Kompaniýanyň maliýe bölüminiň ýolbaşçysy Wasant Prabhu adamlaryň adaty pul birliklerini ulanyşy ýaly kriptopullary hem ulanmagyň ýollaryny gözleýändiklerini aýdyp, tölegiň bu görnüşini ýaýbaňlandyrmak üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.
Mastercard-yň wekilleri hem bu ugurda iş alyp barýar. Kompaniýanyň müşderilerine sowgat hökmünde kriptopul berýän kartyň üstünde işlenýändigi bellenilýär. Diňe hususy kompaniýalar däl, eýsem, ýurtlar hem walýutanyň bu görnüşiniň ulanylmagy üçin iş alyp barýarlar.
Kerim Muhammedow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.