Italiýanyň moda brend “Gucci” kompaniýasy ABŞ-daky käbir dükanlarynda kriptopul kabul eder.Geljekde bolsa Demirgazyk Amerikadaky ähli dükanlarda puluň şu görnüşiniň töleg hökmünde kabul ediljekdigi mälim edildi.
Kompaniýa, ilkinji nobatda, Nýu-Ýork, Los-Anjeles, Las-Wegas we Atlanta şäherlerindäki dükanlarynda kriptopul kabul eder.Kriptopul hökmünde “Bitcoin”, “Bitcoin Cash”, “Ethereum”, “Wrapped Bitcoin”, “Litecoin”, “Dogecoin” we “Shiba Inu” ýaly kriptopul birlikleriniň ulanyljakdygy habar berildi.
Müşderiler kod kwadrat ulanmak arkaly kriptopul “gapjyklaryndan” töleg edip bileler. “Gucci”-niň ýolbaşçysy Marko Bizzarri müşderileriň bu ýeňillikden peýdalanmak islemekleriniň tebigy ýagdaýdygyny belledi.
Röwşen Şamuhammedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby