
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin öz doglan gününde 7-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen duşuşyk geçirer. Bu barada döwlet ýolbaşçysynyň metbugat kätibi Dmitriý Peskow metbugat-birifinginiň dowamynda gürrüň berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Onuň günüň birinji ýarymynda ýapyk iş duşuşyklary bolar. Agşam GDA-nyň döwletleriniň baştutanlary Prezidentiňkide bolarlar. Biz goşmaça habar bereris diýip, Kremliň wekili aýtdy.
Peskow şeýle-de rus lideriniň doglan gününde aýratyn bir baýramçylyk dabarasy bolmaz diýip, sözüniň üstüne goşdy.