Kreml Türkmenistandaky ilçisini täzeledi

Kreml Türkmenistandaky ilçisini täzeledi

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Iwan Wolynkini Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellemek baradaky karary tassyklady diýip, TASS habar gullugy 6-njy aprelde habar berdi.

Bu karar dördünji gün resmi maglumat portalynda çap edildi.

"Iwan Kirillowiç Wolynkini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ilçisi edip bellemeli” diýip, karada aýdylýar.

Prezidentiň başga bir kararynda bolsa, 2011-nji ýyldan bäri Russiýanyň Türkmenistanda ilçisi bolup işleýän Aleksandr Blokiniň wezipesinden boşadylandygy aýdylýar.

1959-njy ýylda Moskwada doglan we 1981-nji ýyldan bäri diplomat bolup işleýän Wolynkin SSSR-iň Daşary işler ministrliginiň (häzir - Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň) Moskwa Döwlet halkara gatnaşyklar institutyny tamamlady diýip, habarda bellenýär.

Wolynkin 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda Russiýanyň Ermenistandaky diplomatik missiýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Ol 2018-nji ýylyň iýun aýyndan Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölüminiň müdiri wezipesinde işleýärdi.

Türkmenistanda täze rus ilçisiniň wezipä bellenen wagty Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we iş hyzmatdaşlyklarynyň öňki ýyllara garanda giňeldilýän wagtyna wagtyna gabat geldi.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Ukrainada alyp barýan sebäpsiz urşy zerarly günbatar sanksiýalaryna duçar bolan Russiýa, halkara izolýasiýasynyň rus ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini ýeňletmek üçin, Merkezi Aziýadaky täsirlerini gaýtadan güýçlendirmek synanyşyklaryny edýär.

Ýene degişli makalalar

Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi
Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisini Şöhrat ordeni bilen sylaglady
Zelenskiý Awdiýiwka Şäherinde Iş Saparynda Boldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukrainlar Bahmutda has köp rus hüjümini yza serpikdirýär, ruslaryň gündogardaky hüjümi parahat ilaty öldürýär
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi