Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň wekiliýetiniň ukrainalylar bilen gepleşikler geçirmäge başlamak üçin Belarussiýanyň Gomel şäherine barandygyny habar berdi.
Peskow Ukrainanyň wekilleri bilen Belarussiýada geçirilmegi ähtimal gepleşikler barada maglumat berdi.
Özleriniň gepleşikler geçirmäge başlamaga taýardygyny aýdan Peskow: "Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Daşary işler ministrligi, Goranmak ministrligi we beýleki käbir edaralaryň wekillerinden ybarat rus wekiliýeti, ukrainalylar bilen gepleşiklere başlamak üçin Belarussiýanyň Gomel şäherine bardylar. Gepleşiklere Gomel şäherinde başlamaga taýardyrys" diýip belledi.
Dmitriý Peskow: "Indi ukrainalylara garaşýarys" diýip habar berdi.
Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby operasiýa başladypdy.