Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow metbugat işgärlerine Ukrainanyň Prezident ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýakyň, Russiýa bilen gepleşikler geçirmäge taýardyklary bilen bagly beýanaty barada beýannama berdi.
Peskow: "Kiýewden tapawutly derejelerde beýanatlar berildi, emma bu ugurda hiç hili jikme-jik beýanat eşitmedik" diýip habar berdi.
Gepleşikler meselesiniň wagtal-wagtal öňe sürülýändigini, emma anyk zadyň aýdylmaýandygyny bellän Peskow: "Russiýa tarapy gepleşikler tapgyryna açyk bolmaga dowam edýär" diýip mälim etdi.
Ukrainanyň Prezident ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak Kiýewiň Moskwa bilen gepleşikler geçirmäge taýardygyny, emma onuň halkara hukuga esasly şertlerde geçirilmeginiň zerurdygyny beýan edipdi.
Iki ýurduň arasynda 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri uruş dowam edýär.