Kredit kartlary 2024-nji ýylda üýtgär we barmak yzy döwri başlanar

Kredit kartlary 2024-nji ýylda üýtgär we barmak yzy döwri başlanar

Kredit kartlaryndaky magnit zolaklar ençeme ýyl ozal ygtybarly hasaplansa-da, indi howpsuzlyk meselesi hökmünde görülýär. Kart öndüriji 2024-nji ýyldan başlap magnit kartlaryny ulanmagy bes edýär. Bu kartlaryň ýakyn 10 ýylda çip we biometrik kartlar bilen çalşyljakdygy çak edilýär.

Dünýäde öňdebaryjy kredit kartlaryny öndürijileriň biri bolan Mastercard, 2024-nji ýyldan başlap kartlardan magnit zolaklaryny aýyrjakdygyny mälim etdi. Kartlardan magnit zolaklaryny aýyrmaklygy durmuşa geçirmeklik ilki

Ýewropada başlanar. 2033-nji ýylda dünýäde magnit kartlaryny ulanmaklyk bes ediler. Magnit zolaklar aldawçylyga ýol berýändigi üçin köpden bäri howpsuz däl hasaplanylýar. Çip we biometrik kartlar magnit kartlaryň ýerini alar.

Biometrik kartlaryň barmak yzlaryny ulanjakdygy mälim edildi.

Magnit zolak kartalary IBM tarapyndan 1960-njy ýyllarda CIA üçin işlenip düzüldi. IBM inžereneri Forrest Parry magnit zolagynda ýerleşdirilen maglumatlary plastik kart bilen ulanmak isledi. Emma, Parry uzak wagtlap plastmassa we magnit zolagy birleşdirip bilmedi. Soň onuň aýaly Dorothea Parry plastmassa we magnit zolagy ütük bilen birleşdirmekligi teklip etdi. Bu usul üstünlikli boldy.

Ýene degişli makalalar

IBM-iň ilkinji mikrokompýuteri
Kompýuter 40 ýaşady
Superkompýuterde Hytaý öňde
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Tehnologiýanyň taryhyndan Ýan kompýuter