
Germaniýanyň Kras-Logistics transport kompaniýasy Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy meýilleşdirilýär. Muny Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Kras-Logistics GmbH-iň baş müdiri Haýnrih Waal mälim etdi.
Kras-Logistics 15 ýyldan gowrak wagt bäri Germaniýadaky Türkmenistan awiakompaniýasynyň baş ýük agenti bolup çykyş edýär.
Waalyň pikiriçe Türkmenhowaýollary agentliginiň we Kras-Logistics guramasynyň geljegi we mundan beýläkki ösüşi çyzykly meýilnamanyň giňelmegi we ugurlaryň sanynyň köpelmegi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.
Waalyň sözlerine görä, Kras-Logistics transport çykdajylaryny azaltmaga we Türkmenhowaýollary bilen hyzmatdaşlygy has netijeli etmäge kömek etjek täze tehnologiki çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik tapdy.
Kras-Logistics-iň häzirki wagtda Dubaýda, Parižde, Londonda we Moskwada şahamçalary bar. Kompaniýanyň baş ofisi Maýn boýundaky Frankfurtda ýerleşýär.