Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy

Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy

Daşky gurşawy goraýjylaryň aýtmagyna görä, Owganystanda gurulýan Koştepa kanalynda uly heläkçilik emele gelipdir. Halkara "Serhetsiz derýalar" ekologiýa koalisiýasynyň hünärmenleri satellit suratlaryna esaslanyp, Amyderýadan gözbaş alýan kanalda, suwuň öz kenaryny böwsendigini tassykladylar. Köp mukdardaky suw töwerek-daşa ýaýrapdyr. "Talyban" hökümeti Owganystanda ilkinji uly suw üpjünçiligi gurluşygyna başlanynda, hünärmenler onuň tutuş sebite ýetirip biljek netijeleri barada duýduryş berdiler.

Rivers.Help! saýtynyň maglumatyna görä, "Serhetsiz derýalar" koalisiýasynyň hünärmenleri 10-njy dekabrda, satellitden düşürilen suratlary öwrenip, Owganystanda uly heläkçiligiň bolandygyny aýan etdiler. Netijede, Koştepa kanalynyň kenaryny böwsen ägirt uly suw joşguny kanalyň ýakalaryna we töwerekdäki ýerlere ýaýrapdyr.

Amyderýadan uly möçberde suw alýan kanalyň birinji tapgyry şu ýylyň oktýabr aýynda işe girizildi. Hünärmenleriň pikirine görä, kanal şol ilki başda, Amyderýanyň suwy bilen doldurylan badyna böwsen bolsa gerek, ýöne ony henize çenli-de baglap bilmändirler.

Bu suratlaryň Ýewropanyň Sentinel-2 satelliti tarapyndan düşürilendigi habar berilýär. Suratlardan gidrotehniki gurluşyň, ýagny kenaryň suw akymynyň basyşyna döz gelip bilmändigini kesgitlemek mümkin. Netijede, kanaly böwsen uly möçberdäki suw giň ýere ýaýrapdyr.

Kanaly ýaryp çykan suwuň güýji we möçberi uzynlygy 9 kilometre ýetýän ägirt uly suw ganawyny emele getirmek üçin ýeterlik.Bu äpet uly suw kölüne Ýere golaý uçýan hemranyň optikasy arkaly seretseň, hyýaly ýagdaýda başga bir äpet uly jandar tirannozawryň şekilini ýadyňa salýar.

Mundan daşary-da, täze satellit suratlary daşgyn suwuň meýdanynyň kem-kemden artýandygyny görkezýär.Munuň özi bolsa "Talybanyň" ýagdaýy düzetmäge ukypsyzlygyna ýa-da isleginiň ýokdugyna şaýatlyk edýär diýip, "Serhetsiz derýalar" koalisiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjy wekili Aleksandr Kolotow belleýär.

Koştepa kanalynyň gurluşygy başlanan badyna, tebigaty goraýjylar onuň bütin sebite, aýratyn-da, Amyderýanyň aşak akymynda ýerleşýän Türkmenistan bilen Özbegistana ýetirip biljek netijeleri barada, howsalaly duýduryşy aýan etdiler.

Türkmenistanly gidrogeologiýa hünärmeni halkara borçnamalaryny we jogapkärçiligi öz üstüne almaýan "Talyban" hereketiniň gurýan kanalynyň "hakyky betbagtçylyga" öwrülip biljekdigi barada, öz garaýşyny mälim edipdi.

Anonimlik şertinde Azatlyk bilen gürleşen ekspertiň pikirine görä, kanal gurlan ýagdaýynda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň oba hojalygy üçin suw ýitgileriniň boljakdygy barada, ylmy esasda maglumatlar bar. Aýratyn-da, suwaryş möwsüminde, iň agyr suw ýetmezçiligi ýüze çykyp biler. Koştepa kanaly suwuň hatda 12-15%-ni kabul eden halatynda hem suw ýetmezçiligi häzirki möçberiň 50%-e ýetip biler.

Tebigaty goraýjylar bent ýarylma ýa-da suw joşmagy ýaly heläkçilikler bolmadyk ýagdaýynda-da, Koştepa kanalynyň Amyderýanyň umumy akymynyň 15-20%-e çenli bölegini alyp biljekdigini nygtaýarlar. Amyderýanyň ýokarky akymyndaky Wahş derýasyndan, Rogun gidroelektrik bekediniň işe girizilmegi hem sebitdäki suw ýagdaýyny has-da kynlaşdyryp biler.

Bar bolan suwdan umumylykda peýdalanmak hem-de Köştepa kanalyndan möwsümleýin suw akdyrylmagy we sebitde gurulýan beýleki gidrotehniki desgalaryň, meselem, Rogun gidroelektrik bekediniň täsiri astynda, Amyderýa basseýninde suw ýetmezçiligi has-da artyp biler diýip, Täze Günorta Wels uniwersitetiniň (Awstraliýa) doktoranty Ýewgeniý Simonow ynam bilen aýdýar.

Geljekde bolup biljek ýagdaýlara aýdyň düşünmek we suw krizisinden gaça durmak üçin, Owganystanda we Täjigistanda amala aşyrylýan ähli megaproýektleri nazara almak bilen Amyderýa basseýninde, tutuş suw dolandyryş kompleksiniň häzirki ösdürilişine uzak möhleti nazara alýan ekologiki seljerişler arkaly baha bermek zerurdyr diýip, Simonow belleýär.

Proýektdäki umumy uzynlygy 285 km, giňligi 100 metr we çuňlugy 8 metr bolan Koştepa kanalynyň gurluşygy 2022-nji ýylyň mart aýynda başlandy. Şu ýylyň oktýabr aýynda, "Talyban" kanalyň ilkinji 103 kilometrlik başky tapgyryny açdy we ony Amyderýanyň suw bilen dolduryp başlady.

Merkezi Aziýada suw resurslarynyň peýdalanylyşy ylalaşyk bilen düzgünleşdirilýär. Ylalaşyga sebitiň bäş ýurdy tarapyndan, 1992-nji ýylda Gazagystanda gol çekildi.

Mundan başga-da, serhetara suwlary we halkara kölleri goramak we ulanmak baradaky BMG-niň Konwensiýasy hem Amyderýa basseýnindäki suwuň paýlanylmagyna degişlidir.

BMG-niň Konwensiýasyna Türkmenistan 2012-nji ýylyň awgustynda goşuldy.

Owganystan sebitde suwuň ulanylyşyny düzgünleşdirýän ylalaşyga gol çekenleriň, BMG-niň Konwensiýasyna gol çekenleriň hem arasynda däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan “Talybana”: Serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň kadalary berjaý edilmeli
Talyban’ astyndaky durmuş: Etniki türkmenleriň Koştepa kanaly bilen bagly gorkulary we umytlary
Amyderýanyň ýakasyndaky sebitlerde suw akabalaryny çuňaldyş işlerine girişilýär
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Guşgy derýasynyň suwy joşdy, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetdi
Paýtagtlylar Aşgabat kanalynyň suwunyň azalmagyna alada bildirýär