Kosta-Rikada awtobus heläkçiliginde 9 adam ýogaldy

Kosta-Rikada awtobus heläkçiliginde 9 adam ýogaldy

Kosta-Rikada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen ýer süýşgünleriň netijesinde bolan awtobus heläkçiliginde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy, 30 adam dereksiz ýitdi.

Ýurduň Kambronero sebitindäki Alahuela şäheriniň golaýynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen ýer süýşgünleriniň netijesinde 2 gatly awtobus gaýalykdan aşak gaçdy.

Resmiler azyndan 60 adamyň içinde bolan awtobusdaky ýolagçylaryň 9-synyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Wakanyň netijesinde 30 adamyň dereksiz ýitendigi beýan edilip, ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi wakanyň gaýalygyň bir böleginiň awtobusa degmegi netijesinde emele gelendigini habar berdi.

Ýurtda 14-nji sentýabrdan bäri dowam edýän aşa ýagan ýagyşlar ýer süýşgünlerine sebäp bolýar, ülkäniň Prezidenti Rodrigo Çawez ýurt derejesinde narynç kategoriýada duýduryş yglan etdi.

Rodrigo Çawez ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň maslahatyna gurajak saparyny yza süýşürendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Maglumat elýeterliligi merkeziniň hünärmenleri Seulda tälim aldylar
Gazagystanyň üç sebitine çekirtge hüjümi howp salýar
Ýabany atlar 200 ýyldan soň Gazagystana dolandy
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Antonio Kosta ÝB Geňeşiniň Başlyklygyna Saýlandy
Ýewro ― 2024: Fransiýany awtogol, Portugaliýany jerime urgulary çärýekfinala alyp çykdy
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy