Kosowadaky Barrikadalaryň Esasy Bölegi Ortadan Aýryldy

Kosowadaky Barrikadalaryň Esasy Bölegi Ortadan Aýryldy

Kosowanyň demirgazygynda Zweçan etrap häkimligine bagly Rudarda gurlan barrikadanyň aýrylmagy bilen Demirgazyk Mitrowisa-Leposawiç gara ýoly ulag gatnawyna açyldy.

Rudardaky barrikada, Kosowa bilen Serbiýanyň arasyndaky Žarine gümrük geçelgesine tarap gidýän ýurduň demirgazygyndaky iň uly ýoluň ugrunda ýerleşýärdi we serpler tarapyndan 24 sagadyň dowamynda goralýardy.

Kosowanyň demirgazygynda serpler tarapyndan gurlan barrikadalaryň esasy bölegi ortadan aýryldy.

Barrikadalar, Kosowanyň demirgazygynda ozalky serp polis gullukçysy Dežan Pantiçiň tussag edilmegine garşylyk görkezmek maksady bilen gurlupdy.

Tussaglylyk kararynyň öý tussaglygyna öwrülmeginden we Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň çarşenbe güni beren çagyryşyndan soň Kosowanyň demirgazygyndaky barrikadalar ortadan aýrylmaga başlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Borrel Gazadaky ýagdaý barada beýannama berdi
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
Hakan Fidan Kosowada Saparda Bolar
NATO, Serbiýanyň Talabyny Kabul Etmedi