Kosowanyň hökümet başlygy Albin Kurti ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agzalyk ýüztutmasyny Bileleşigiň döwürleýin başlygy Çehiýa tabşyrdy. Çeh Respublikasynyň paýtagty Pragadaky hökümet binasyndaky dabarada Kurti agzalyk ýüztutmasyny Çehiýanyň ÝB boýunça başlygy Mikulas Beke gowşurdy.
Kurti bu ýerdäki metbugat ýygnagynda ýüztutmanyň Kosowanyň taryhy we Ýewropada demokratiýa üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.Albin Kurti “Kosowanyň ÝB-niň esasy gymmatlyklary bolan azatlyk, demokratiýa, adam hukuklary, deňlik we kanunyň hökmürowanlygyna üýtgewsiz baglylygyny agzalyk üçin ýüz tutmak arkaly gaýtadan tassyklamak üçin Praga geldik” diýip belledi.
Ministr Bek bolsa, Kosowanyň Ýewropa Bileleşigine agzalyk prosesini goldajakdyklaryny mälim edip, Kosowanyň häzire çenli gazanan üstünliklerine hormat goýýandyklaryny aýtdy.