Häzirki wagtda “SpaceX” kompaniýasy “Starlink” atly maksatnamanyň çäklerinde dünýäniň medeni zolakdan uzak ýerlerini internet bilen üpjün etmegini dowam etdirýär.Esasan, bölek söwda pudagynda iş alyp barýan “Amazon” kompaniýasy hem aýratyn taslamany durmuşa geçirýär. “Kuiper” atly taslamanyň çäklerinde ilkinji emeli hemralar şu ýylyň ahyrynda kosmosa uçurylar.
Ilkinji nobatda, synag maksady bilen “KuiperSat-1” hem-de “KuiperSat-2” atly emeli hemralar uçurylar. 2023-nji birinji ýarymyndan başlap, “United Launch Alliance” kompaniýasynyň öndüren “Vulcan Centaur” atly göteriji raketasy bilen emeli hemralar uçurylyp başlanar.
Kompaniýa eýýäm 83 sany kosmos uçuşyny satyn alypdyr.Bu uçuşlar “Arianespace”, “United Launch Alliance” we “Blue Origin” firmalarynyň göteriji raketalary arkaly amala aşyrylar.
Bäş ýylyň dowamynda durmuşa geçiriljek taslamanyň ilkinji tapgyrynda Ýeriň aşaky orbitasyna 3 müň 236 emeli hemra iberiler. Bu taslama bilen şäherden uzakdaky ýerleriň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.
Allanur Çaryýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby