Kosmosda şaly ýetişdiriler

Häzirki wagtda Hytaý Halk Respublikasy Ýeriň orbitasynda kosmos bekediniň gurluşygyny amala aşyrýar. Ýurt kosmos pudagyna degişli dürli taslamalary durmuşa geçirýär.Laboratoriýa moduly bilen kosmosa äkidilen şalynyň tohumy bir aýdan soňra gögerdi.

Bu barada Hytaýyň ylymlar akademiýasy habar berýär.Hytaýyň ylymlar akademiýasynyň kosmosda ösümlik ýetişdirmek maksatnamasynyň ýolbaşçysy Çžen Hueýsýun häzirki wagtda şalynyň şineländigini we boýunyň 4-5 santimetr bolandygyny belledi.

Hytaýly kosmonawtlar bu nusgalary ýygnap alyp, olary doňduryp, Ýere dolanyp gelenlerinde ýany bilen getirerler.Mundan ozal Hytaý Aýyň garaňky tarapyna ýörite kapsulanyň içinde gowaça tohumyny iberipdi. Ýeriň hemrasynda şinelän pagta çigidi belli bir wagtdan soňra sowuk howa sebäpli gurapdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talap edilýär
Türkmen biologlary telekeçilere probirkalarda pawlowniýany köpeltmäge ýardam berýärler
Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige
Türkmen alymlary tehniki ýaglaryň we dökünleriň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrýarlar
Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige
Kosmos bekedini döredýär