Halkara Kosmos Bekedindäki astronawtlaryň pomidor ösdürip ýetişdirmekleri we gatyk basyrmaklary üçin ýörite enjamlar iberildi.Mälim bolşy ýaly, Ýeriň orbitasynda hereket edýän kosmos bekedinde dartyş güýji ýok diýen ýaly az. Şol sebäpli ol ýerde bir bulguryň içinde islendik suwuklygy saklap bolmaýar.
Gabyň içindäki suwuklyk gapagy açylan ýagdaýynda howada gaýyp başlaýar.Köp ýyldan bäri beketde dürli ösümlikler, otlar ösdürilip ýetişdirilýär.Bekediň içinde ösümligiň ýetişmegi üçin emeli ýagtylyk we grawitasiýa döredilýär.
Mundan ozal ysmanak ýaly otlar ösdürilip ýetişdirilen beketde mundan soňra has uly miwe berýän pomidor hasyly alnar.Bu synagda dökün, azygyň howpsuzlygy, iýmitiň gymmatlylygy we tagamy ýaly zatlar öwreniler.
Şeýle hem süýdüň basyrylmagy hem barlanyp görler. Süýdi uýatmak üçin goşulýan gönezlik bolsa, gatygyň ýaramlylyk möhletini uzaldýar.
Bu synaglaryň çäklerinde geljekde beýleki planetalarda ylmy barlag işlerini geçirýän astronawtlaryň iýmit üpjünçiligine ýardam eder.
Aýtäç Orazgeldiýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.