Kosmosda MMA söweşleri geçirilip başlanar

Kosmosda MMA söweşleri geçirilip başlanar

Iervolino Entertainment kompaniýasy we “Space 11” startapy “galaktiki söweşleriň” döredilýändigini habar berdiler. Munuň özi kosmosda nol derejedäki agyrlyk güýjünde boljak garyşyk söweş sungatynyň (MMA) täze bir görnüşi bolar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

"Galaktiki söweşler" söweş kapsulaly ýörite kosmos gämisinde geçiriler we ol Ýeriň orbitasynda ýerleşer.Söweşijiler ýaryşa seresaplylyk bilen taýýarlanylar, ýöne bu türgenleşikler, esasan, nol derejedäki agyrlyk güýjüne uýgunlaşmaga gönükdiriler.

Bildirişde ilkibaşda 40 gatnaşyjynyň saýlanjakdygy, ýöne okuw maksatnamasynyň dowamynda olaryň 32-siniň ýaryşdan çykaryljakdygy aýdylýar.Okuwlaryň dowamynda edil kosmonawtlary taýýarlamakdaky ýaly usullar ulanylar.Galan sekiz gatnaşyjy ägirt uly kosmiki finala çykar diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

“Nintendo” oýun konsoly öndürilip başlandy
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bitkoine petek satyp başlar
“Netflix” üçin kino surata düşürer
E3 2021 sergisiniň doly meýilnamasy yglan edildi
2020-nji ýylyň iň gowy oýun neşir edijileri yglan edildi