Kosmos internetini ýola goýar

Hytaý Ýeriň aşaky orbitasyna emeli hemralary ýerleşdirmek arkaly kosmos internetini ýola goýmagy maksat edinýär. Shanghai Spacecom Satellite Technology guramasy tarapyndan durmuşa geçiriljek taslamanyň çäklerinde Long March-6 göteriji raketasy arkaly

18 emeli hemra uçuryldy. Emeli hemralaryň bellenen orbita ýerleşendigi mälim edildi. Taslamanyň çäklerinde jemi 15 müň sany emeli hemra uçurylar. Taslamanyň 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda Space X kompaniýasy Starlink atly taslamanyň çäklerinde dünýäniň dürli ýerlerini kosmosdan hödürlenýän ýokary tizlikli internet bilen üpjün etdi. Hytaýyň bu taslamasy Starlink-iň iň uly bäsdeşi bolar.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji gezek uçurdy
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Hytaý kosmonawtlary uçuryldy