SpaceX kompaniýasynyň gönüden-göni kosmosdan internet hödürleýän hyzmaty syýahatçylygyň hem ösmegine getirdi.Kompaniýa häzire çenli Starlink taslamasynyň çäklerinde ýüzlerçe kiçi göwrümli emeli hemrany Ýeriň orbitasyna çykardy.
Bu emeli hemralar kosmosdaky Wi-Fi routeri hökmünde hyzmat edip, medeni zolakdan uzakdaky ýerleri ýokary tizlikli internet bilen üpjün edýär.Bu hyzmatdan uçar ýolagçylary we deňizlerde uzak aralyga syýahat edýän gämileriň ýolagçylary hem peýdalanýar.
Indi deňiz syýahatçylygy bilen meşgullanýan kompaniýalaryň köpüsi gämi flotyny Starlink interneti bilen enjamlaşdyrýar. Şeýle bolansoň, ýolagçylar deňziň jümmüşinde internet hyzmatyndan peýdalanyp, gyzykly wagt geçirip, hatda uzak aralykdan işlerini hem edip bilýärler.
Bu bolsa syýahat maksatly gämilere bolan gyzyklanmany artdyrýar.
“Carnival Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Joş Weýnşteýn kosmos internetiniň tizliginiň gury ýerdäki ýalydygyna ünsi çekip, bu hyzmatyň ýene bir girdeji çeşmesi boljakdygyny aýdýar. “Carnival Corporation” kompaniýasy 2022-nji ýyldan başlap, ýolagçy gämilerine “Starlink” antennalaryny oturdyp başlapdyr.