Kosmos barada

Geçen asyryň ortalarynda kosmos barada has iri taslamalar durmuşa geçirilip başlandy. Häzirki wagtda telefonda gepleşmek, teleýaýlyma tomaşa etmek, howanyň ýagdaýyny çaklamak we gündelik durmuşda zerur bolan dürli işleri etmek üçin kosmos aragatnaşyk ulgamlaryna zerurlyk duýýarys. Eýsem, biz kosmos barada nämeler bilýäris?! Geliň, bu barada käbir zady öwreneliň.

Multfilmlerde ýa-da filmlerde görşümiz ýaly, Ýeriň atmosferasynyň daşynda Aý, emeli hemralar, meteoritler, asman jisimleri, has daşrakda ýyldyzlar bar.

Ýer beýleki birnäçe asman jisiminden kiçidigine garamazdan, ýaşaýyş üçin amatly ýeke-täk planetadyr.

Milliardlarça ýyldyzyň emele getirýän toplumyna galaktika diýilýär. Iň uly galaktikadaky ýyldyzlaryň sany birnäçe trilliona ýetýär. Galaktikalardaky ýyldyzlaryň ortaça sany 200-300 milliard aralygynda bolýar.

Planetalar Günüň daşyndan we öz okunyň daşyndan yzygiderli aýlanýarlar.

Gün ulgamynda jemi 8 planeta (Plutony hasaplasaň, 9) bolup, Ýer Gün tarapdan 3-nji ýerde durýar. Gün ulgamyndaky planetalaryň jemi 61 hemrasy bar. Şeýle hem planetalaryň aralarynda birnäçe meteoritler we kometalar bar.

Galaktikalaryň merkezini ýyldyzlar, töweregini yzygiderli aýlanýan gaz we bulutlar emele getirýär. Elbetde, ýyldyzlaryň daşynda planetalar we beýleki asman jisimleri hem bolýar.

Biziň planetamyzyň ýerleşýän galaktikasyna Akmaýanyň ýoly diýilýär. Beýleki uly galaktikalarda bolşy ýaly Akmaýanyň ýolunda hem merkezdäki ýyldyzlar has uly ýaşly bolup, olaryň reňki gyzyl we sary bolýar. Çetki ýyldyzlar has gyzgyn we gök bolýar.

Beýleki ulgamlardaky planetalaryň öz Gününiň daşyndan aýlanyşy ýaly, Gün ulgamlary hem galaktikanyň merkeziniň daşyndan aýlanýar. Gün ulgamy merkeze ýakyndygyna garamazdan, bir gezekki aýlawyny 220 million ýylda tamamlaýar.

Gün ulgamyndaky planetalaryň käsiniň gyzgynlygy gurşuny eredip biljek derejede, käbiri tutuşlygyna buzluklar bilen örtülendir.

Ýyldyzlara seredenimizde, olar bäşburç ýa-da altyburç görnüşde görünýär. Emma olar hem edil Gün ýaly togalakdyr. Ýeri gelende aýtsak, Gün hem orta ululykdaky ýyldyzlaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Asmana sereden mahalymyz ýyldyzlaryň ýerine emeli hemralary görerismi?
Ýeriň ýagtylyk çeşmesi
Goşa galaktika tapyldy
Biler bolsaňyz!..