Kosmos barada täze maglumatlary toplady

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasynyň (NASA) Habbl Kosmos teleskopy arkaly täze maglumatlar toplandy. 1990-njy ýylda kosmosa uçurylan teleskop arkaly 30 ýylyň dowamynda kosmos giňişligindäki 42 nokady kesgitlenip, kosmosyň bu nokatlarda näçeräk giňelendigi ölçendi.

Bu işiň golaýda tamamlanandygy habar berildi.Toplanan maglumatlara görä, kosmosyň häzirki wagtda giňeliş tizligi bilen Uly partlaýyşyň yzýanyndaky tizligini tapawutlydygy anyklandy.Teleskop arkaly geçirilen ölçegler kosmosyň giňeliş tizliginiň her megaparsekde (3,26 million ýagtylyk ýylyna barabar uzynlyk ölçeg birligi) 73 kilometrdigi anyklandy.

Emma kosmosyň çuňluklarynda bu tizlik 67,5 kilometre çenli azalýar.NASA-nyň alymlary bu tapawudyň fizikanyň häzirki kanunlary bilen düşündirilip bilinmejekdigini aýdýarlar.Netijede, tizlik tapawudy nämälim bolmagynda galdy.

Uly partlaýyş nazaryýeti orta atylan wagty kosmosyň giňelmeginiň belli bir wagtdan soňra ýuwaşajakdygy we dartyşyň (grawitasiýa) täsiri bilen kosmosyň gaýtadan daraljakdygy aýdylýardy.Emma astronomlar 1998-nji ýylda kosmosyň hem giňelýändigini, hem-de giňeliş tizliginiň ýokarlanýandygyny ýüze çykardylar.

Bu açyşdan soňra alymlar dartyşyň täsirini tersine bir zadyň bardygy barada pikirlenip başladylar.Oňa bolsa, “garaňky energiýa” diýlip at berildi.Häzirki wagtda kosmos giňişliginiň kiçi böleginiň “garaňky energiýadan” ybaratdygy çaklanylýar.

Planetalar, ýyldyzlar we galaktikalary emele getirýän atomlaryň kosmosyň bary-ýogy 5 göterimini düzýändigi aýdylýar.

Döwlet Durdyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Astronomlar ýaşaýyş üçin ýaramly çaklanýan 85 sany planetany tapdylar
ABŞ-nyň “Atlantis” şattly soňky uçuşyny amala aşyrýar
NASA Marsda bir ýyllyk durmuş synagyny tamamlady
Goşa galaktika tapyldy
Astronawtlar nädip ses berýär
Kosmonawt bolmagy arzuw edýärin