Transparency International guramasynyň korrupsiýa boýunça ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionynda iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.Bu regiona jemi 19 ýurt şol sanda, Merkezi Aziýa ýurtlary, Günorta Kawkaz ýurtlary, Russiýa, Belarus, Ukraina, balkan ýurtlary we Türkiýe girizilipdir.
Dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda Türkmenistan korrupsiýada geçen ýylkysyndan 4 diş pese gaçyp, 165-nji orunda ýerleşdirildi.Guramanyň 2019-njy ýyl üçin çap eden soňky hasabatyna görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary häkimiýetleriň çäkli bölünişigini, döwlet serişdelerinden saýlaw maksady bilen hyýanatly peýdalanylmagyny, bähbitleriň çaknyşmagyny we syýasy partiýalaryň gümürtik maliýeleşdirilmegini başdan geçirýär.
Transparency International Türkmenistanda korrupsiýanyň ýagdaýyna bu ýyl 100-den 19 bal beripdir, geçen ýyl 20 bal beripdi. Ýatlasak, guramanyň hasabat döwründe Türkmenistanda birnäçe ýokary we orta derejeli resmi korrupsiýa aýyplamalary esasynda türmä basyldy.
Oktýabrda Türkmenistanyň öňki içeri işleri ministri Isgender Mulikow aýratyn uly möçberde para almakda aýyplanyp tussag edildi.Onuň öňýany sentýabryň ortalarynda öňki Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanow, döwlet metbugatyna görä, gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanmakda we başga jenaýatlara baş goşmakda aýyplanyp tussag edildi. Şol gabatlar para almakda aýyplanyp tussag edilen onlarça orta derejeli resmi we döwlet gullukçylary döwlet telewideniýesinde elleri gandally toba edýän görnüşde görkezilipdi.
Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdeleri korrupsiýada aýyplanyp tussag edilýän döwlet emeldarlarynyň sud işiniň jikme-jiklikleri barada anyk maglumat bermedi.Transparency Internationalyň soňky hasabatynda regionda ýerleşýän köp ýurtda sud garaşsyzlygynyň hem-de media azatlygynyň bökdelýändigine üns çekilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatlarynda edýän çykyşlarynda ýurtda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreşiljekdigini gaýtalaýar.Beýleki tarapdan, Transparency Internationalyň hasabat döwründe, 2019-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda Ykdysady jenaýatlara garşy döwlet gullugynyň özbaşdak ygtyýarlyklary ýatyryldy we bu Içeri işler ministrliginiň düzümine berkidildi. Ýatlasak, ilkibaşda korrupsiýa garşy göreşjekdigi aýdylan bu agentlik 2017-nji ýylyň iýunynda döredilipdi.
Transparency Internationalyň 23-nji ýanwarda çap eden soňky hasabatyna görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýada häkimiýetiň aýratyn şahslarda jemlenmegi hem-de döwlete eýeçilik iň uly problema bolmagynda galýar. “Eger-de syýasy liderler halk bähbidini ileri tutup, aç-açanlykda nusga bolsalar, diňe şonda korrupsiýa bilen netijeli göreşip bolar” diýip, hasabatyň regiona bagyşlanan bölüminde aýdylýar.
Regiona girizilen post-sowet ýurtlarynyň arasynda korrupsiýa garşy göreşmekde iň öňdebaryjy ýurt Gürjüstan bolup, ol dünýäde 44-nji orunda ýerleşdirildi.Dünýäde korrupsiýanyň iň az ýaýran ýurtlary Daniýa, Täze Zelandiýa, Finlýandiýa we Singapur bolup, olaryň ýetişigine 100-den 87 we 85 aralygynda baha berlipdir. 180 ýurtda korrupsiýanyň ýagdaýyna sen berýän hasabaty taýýarlamakda 13 aýry global institutyň geçiren barlaglaryndan we maglumatlaryndan peýdalanyldy.
Guramanyň geçen ýylky hasabatynda Türkmenistan 161-nji orunda ýerleşdirilipdi.Bu sanlardan çen tutulsa, geçen bir ýylyň dowamynda Türkmenistanda korrupsiýanyň ýagdaýy öňküsinden ýaramazlaşdy. Ýogsam, 2019-njy ýylyň aýagynda Türkmenistan korrupsiýa garşy göreşiň çäginde bu jenaýat bilen bagly kanunçylyk namalaryny berkidipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.
Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.