koronawirusyň ýagdaýy

koronawirusyň ýagdaýy

ABŞ-da koronawirusyň täze görnüşi Omikron sebäpli täze ýyl dynç alyşynda 1600-dan gowrak uçar saparynyň bes edilendigi habar berildi.

ABŞ-da koronawirusyň täze görnüşi Omikron sebäpli täze ýyl dynç alyşynda 1600-dan gowrak uçar saparynyň bes edilendigi habar berildi.Wirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli epidemiýanyň howa ýoly firmalarynyň işgärlerine ýaramaz täsirini ýetirýändigi üçin uçar saparlary bes edildi.

Bes edilen uçar saparlary, täze ýyl dynç alyşyna gitmek üçin howa menzillerine gelen Amerikalylary kyn ýagdaýa düşürdi.Dünýäniň çar tarapyndan bolsa Kovid-19 epidemiýasy sebäpli anna gününden ýekşenbe gününe çenli 5 müň 400-den gowrak uçar sapary bes edildi.

Londonyň Imperial kolležinden berilen beýannamada 1-14-nji dekabr aralygynda Britaniýada bellige alynan sanjymly we sanjymsyz koronawirusly keselliler analiz edildi.Barlagyň dowamynda 56 müň “Omikrona” we 269 müň “Delta” ýolugan keselliniň ýagdaýy öwrenildi. Ýerli metbugatyň harbar brmegine görä düýn ýerli sebäplerden 63 adamda koronawirusyň ýokaşandygy, şol sebäpli ýary gijeden başlap “ýapyk görnüşli pandemiýa düzgünleri” berjaý ediler.

Raýatlardan mejbur bolmadygy saýyn öýlerinden çykmazlyklary islenýän bolsa, şäherde ulag gatnawy we şäheriň daşyna syýahat etmek aýratyn şertlerde bes edildi.Kowid-19 pandemiýasynda ilkinji keselliniň anyklanan ýeri bolan Hytaýda şu günki güne çenli 100 müňden gowrak adama wirusyn ýokaşandygy, şolardan 4,636 sanysynyň aradan çykandygy, 1,823 sanysynyň bejergisiniň dowam edýändigi habar berildi.

Ylmy barlagyň netijesine görä “Omikrona” ýoluganlaryň 15 göterimine barabary “keselhanada bejergi almaga” mätäçlik duýrmaýar, 40-45 göterimi “keselhanada azyndan bir ýa-da birnäçe gije bejergi almaga” mätäçlik duýýar. Şonuň bilen birlikde “Omikronyň” simptomlarynyň az, emma has ýokaşma özboluşlygynyň has ýokarydygy beýan edilýär.

Nigeriýanyň hökümeti, Kovid-19-a garşy göreşiň çäginde ýurda berlen we möhledi gutaran 1 million dozadan gowrak AstraZeneca sanjymyny hatardan çykardy.Milli Azyk we derman senagaty gullugynyň başlygy Adeýeýe, oktýabr aýynyň 11-19-y aralygynda ýurda berlen 2,6 million doza golaý AstraZeneca sanjymynyň esasy böleginiň möhlediniň gutarandygyny nygtady.

Adeýeýe, ýurtda möhledi gutadan 1 million 66 müň doza AstraZeneca sanjymynyň hatardan çykarlandygyny nygtady.Adeýeýe “Nigerýalylaryň saglygy goramak üçin möhledi gutaran sanjymlar ýok edilmeli” diýdi. ÝB-nyň, Amerikaly derman firmasy Pfizer bilen nemes firmasy BioNTech tarapyndna täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen 200 million doza sanjym satyn alandygy habar berildi.

Pfizer-BioNTejh tarapyndan berlen beýannamada, ÝB-niň 2022-nji ýyl üçin 450 million doza sanjym satyn alandygy ýatladyldy.Beýannamada, ÝB-niň 450 million doza sanjyma goşmaça ýene-de 200 million doza sanjym alandygy bellenildi. Şeýlelikde Pfizer-BioNTech 2022-nji ýylda ÝB-ne jemi 650 million doza sanjym berer. Ýewropa Komissiýasy, Pfizer-BioNTech firmasyndan 2022-2023-nji ýyl üçin jemi 900 million doza Kovid-19 sanjymyny satyn almak üçin ýüz tutupdy.

Ýene degişli makalalar

Maýmyn Mamasy Wirusy Türkiýede Ýok
ABŞ-da Omikron Sebäpli 1600-dan Gowrak Uçar Sapary Bes Edildi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekili saglyk görkezmelerini berjaý etmegine ünsi çekdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Germaniýada Kovid-19 Epidemiýasy Agyrlaşýar
Kanpurda 89 Adamda Ziku Wirusynyň Bardygy Anyklandy