Koronawirusa Ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri G-20 Sammite Gatnaşyp Bilmez

Koronawirusa Ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri G-20 Sammite Gatnaşyp Bilmez

Täze görnüş koronawirusa ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançesiň, sentýabr aýynyň 9-10-y aralygynda Hindistanda geçiriljek G-20-niň liderler sammitine gatnaşyp bilmejekdigi mälim edildi.

Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Premýer-ministrligine esaslanýan habarynda, Sançesiň saglyk ýagdaýynyň gowudygy we Madritdäki öýünde öz işini dowam etdirjekdigi ýatladyldy.

Pedro Sançesiň, sentýabr aýynyň 9-10-y aralygynda Hindistanda geçiriljek G-20-niň liderler sammitine bolsa gatnaşyp bilmejekdigi mälim edildi.

Saglygy goraýyş guramalarynyň görkezijilerine görä, Ispaniýada awgust aýynyň 21-27-i aralygynda 508 müň 744 sany Kowid-19 testi satyldy.

Şol san iki aý ozalky görkezijiler bilen deňeşdirilende 500 göterim artdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Alžire guran saparyndan soň beýannama berdi
Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady
Ispaniýada saýlawçylar 26 sekuntda ses berdiler
Prezident Erdogan, Ispaniýanyň Premýer-ministri Sançes Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan daşary ýurtly liderler bilen duşuşyklar geçirmäge dowam edýär
Ispaniýada saýlawdan öňki kampaniýalar başlady