Koronawirus barada goşgynyň awtory Türkmenistanda bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi

Koronawirus barada goşgynyň awtory Türkmenistanda bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi

2020-nji ýylyň tomsunda 48 ýaşly “ÝuTube” bloggeri Myrat Öwezow 5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol koronawirus barada goşgy ýazypdy diýip “Türkmen.news” habar berýär.

Öwezow Türkmenistanyň JK-niň 238-nji maddasy boýunça “kezzapçylykda” aýyplandy. Emma, Myrada garşy jenaýat işiniň gozgalmagynyň hakyky sebäbi, onuň “ÝuTube” kanalyndaky çykyşlary diýip neşir hasaplaýar.

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Myrat Öwezow öz kanalynda ýurtdaky ýagdaýlar—dükanlardaky nobatlar, internetiň elýeterliligindäki kynçylyklar, şeýlede koronawirus babatdaky ýagdaýlar we onuň bilen bagly girizilen çäklendirmeler barasynda gürrüň edipdi.

Myrat 2020-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky ilkinji wideýo çykyşynda koronawirus barada gürrüň berdi we koronawirus barasynda “Ajy hakykat” atly goşgusyny okady.

Öwezow internet marketingi bilen meşgullanýandygy üçin öz kanalynda şübheli peýdasy bolan zatlaryň biýologiki işjeň goşundylaryny reklama edýärdi.

Neşiriň hasaplamagyna laýyklykda, hut ýurtda bolup geçýän wakalar barada eden çykyşlary oňa garşy jenaýat işiniň gozgalmagynyň esasy sebäbi.

Myrat Öwezowyň doly taryhy bu çelgiden elýeterli.The post Koronawirus barada goşgynyň awtory Türkmenistanda bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

BSGG koronawirus keseliniň agyr geçmegi bilen bagly üýtgeşmeleri tapmady
Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar
Mugallymlaryň agyr güzerany işine we çagalaryň bilimine erbet täsir edýär
Aliýew: "Azerbaýjan-Türkiye umumy uniwersitediň gurulmagy möhüm ähmiýete eýedir" diýdi
Türkmen migrantlarynyň Türkiýede galmak üçin toplamaly resminamalarynyň sany artdy
Hytaýda Koronawirus Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy