Korkut Ata film festiwalynyň nobatdakysy Änew şäherinde geçiriler

Korkut Ata film festiwalynyň nobatdakysy Änew şäherinde geçiriler

Korkut Ata film festiwalynyň estafetasy resmi taýdan Türkmenistanyň Änew şäherine geçirildi. Şoňa laýýklykda, festiwalyň degişli Durna nyşany Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň režissiýory S.Baýramowa gowşuryldy.

Heýkeli gowşurmak dabarasy Bakuwda Korkut Ata türk dünýäsiniň halkara film festiwalynyň ýapylyş gününiň çäginde geçirildi. Ony Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli gowşurdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Korkut Ata — türki ýurtlaryň dürli şäherlerinde her ýyl geçirilýän halkara film festiwalydyr. Festiwal 2021-nji ýylda esaslandyryldy we türki dünýäsinde kinonyň ösmegini, şeýle hem türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Turkmenportal ozal şu film festiwalynda Ahmet Amandurdyýewiň Gyzyl alma filmindäki ýerine ýetiren keşbi üçin Iň gowy aktýor ugry boýunça baýraga mynasyp bolandygy barada habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Gorkut ata halkara kinofestiwaly 2024-nji ýylda Änew şäherinde geçiriler
Türkmen sungat işgärleri halkara baýraga mynasyp boldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi