Koreýanyň Prezidentiniň maşgalasy Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Koreýanyň Prezidentiniň maşgalasy Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasyna minnetdarlyk hatyny iberdi

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Kim Kon Hi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberdi. Arkadag gazetiniň şu günki sanynda çap edilen hatda şeýle bellenilýär:

Men biziň Türkmenistana bolan döwlet saparymyzyň dowamynda meniň ýoldaşyma hem-de maňa bildiren mähirli myhmansöýerligiňiz üçin, Halk Maslahatynyň Başlygyna we Size çuňňur hoşallygymy bildirmek isleýärin. Siziň bizi şeýle göwnaçyklyk hem-de myhmansöýerlik bilen garşylamagyňyz bizde bir-birimizi köp wagtdan bäri tanaýan ýaly duýgyny döretdi. Biz oňaýly ýagdaýda dürli ugurlara degişli meseleler boýunça söhbetdeş bolmak mümkinçiligine eýe bolduk.

Men hakyky taryhy we däp-dessurlary bolan owadan ýurtda — Türkmenistanda ilkinji gezek bolup gördüm. Siziň hut özüňiziň gatnaşyp, türkmenleriň däp bolan elde tikin tikmek sungaty — keşde bilen tanyşdyrmagyňyz hem-de dostlukly günortanlyk naharynyň öňýanynda, däp bolan owadan türkmen lybasyny geýip görmegim meniň üçin aýratyn ýatlama öwrüldi.

Men şeýle hem bize eden gymmatly sowgadyňyza — Türkmenistanyň milli gymmatlygy bolup durýan alabaý güjüklerini sowgat berendigiňiz üçin, Halk Maslahatynyň Başlygyna we Size ýene-de bir gezek hoşallyk bildirmek isleýärin. Men biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň alamaty bolup durýan bu iki güjüjekleriň aladasyny ederin.

Men Siz bilen Seulda täzeden duşuşmaga we biziň döwlet saparymyzyň barşynda bize bildirilen myhmansöýerlik üçin Size sagbolsun aýtmak mümkinçiliginiň bolmagyna umyt edýärin hem-de Size we Siziň maşgala agzalaryňyza berk jan saglyk we abadançylyk, şeýle hem Türkmenistanyň baky gülläp ösmegini arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmenistan-ÝUNESKO: hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna türkmen alabaýynyň güjügi sowgat berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we koreý Lideriniň maşgalalary “Arkadag” myhmanhanasynda guralan sergini synladylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldy