Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň maşgalasy Aşgabatdaky koreý dilini öwredýän okuw merkezine baryp gördi

Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň maşgalasy Aşgabatdaky koreý dilini öwredýän okuw merkezine baryp gördi

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Şin Kyunghye Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda 2019-njy ýylyň sentýabrynda açylan Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezine myhmançylyga geldi. Okuw merkeziniň mugallymlary we öwrenijileri hormatly myhmany mähirli garşyladylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Patyşa Sejoň adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezinde hormatly myhman Şin Kyunghyenyň we okuw merkeziniň öwrenijileriniň gatnaşmagynda koreý diliniň başlangyç we orta derejesi boýunça kalligrafiýa bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Seulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi“ atly kitaby bilen tanyşdyrylyş boldy
Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi
17.04.2019 | Türkmenistan we Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdiler
04.09.2019 | Aşgabatda Koreý hepdeliginiň çäreleri başlandy
Aşgabatda Koreý hepdeliginiň çäreleri başlandy