Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Aşgabada sapar bilen geler

Koreýanyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Aşgabada sapar bilen geler

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Wu Won Syk parlamentiň ýolbaşçysy hökmünde ilkinji daşary ýurda saparyny amala aşyrar.Koreýanyň Parlamentiniň habar bermegine görä, jenap Wu Won Syk 9-njy oktýabrda Astana baryp, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, şeýle hem Gazagystanyň Mejlisiniň palatalarynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirer. 10-njy oktýabrda bolsa Gyzyl Orda syýahat eder we şol ýerde Ýaponiýa garşy göreşiň gahrymany general Hon Bom Donyň aramgähine baryp görer.

Habar berlişi ýaly, 14-nji oktýabrda Koreýanyň Parlamentiniň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary başlanar. Ol saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirer, şeýle-de parlamentarileriň Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy formatyndaky ikinji foruma gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Ysraýyl 161 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Rus Bombardyman Uçarlary Gara Deňizde Uçuş Amala Aşyrdy
Nigeriýada Guralan Ýaragly Hüjümde 16 Esger Ýogaldy
Ysraýyl 170 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 176 Günden Bäri Gazany Bombalaýar