Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýar

Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýar

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana sapary wagtynda Daewoo Engineering & Construction gurluşyk kompaniýasynyň başlygy Çjun Won Çju iş wekiliýetiniň düzüminde türkmen hünärmenleri bilen birnäçe möhüm duşuşyk geçirdi.

Wise-premýer Batyr Amanow, Türkmengaz, Türkmennebit we Türkmenhimiýa döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen Daewoo E&C-niň başlygynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amatly maýa goýum ýagdaýy bellenilip geçildi. Bu barada The Korea Herald habar berdi.

Daewoo E&C Gyýanly we Türkmenabat şäherlerinde mineral dökünleri öndürýän iki sany uly zawodyň, şeýle hem akylly Arkadag şäheriniň taslamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Daewoo E&C kompaniýasynyň Türkmenistanyň çalt ösýän bazarynda has netijeli işlemek üçin Aşgabatda şahamçasyny açandygyny ýatladýarys.

— Türkmenistanyň baý tebigy baýlyklary täze şäherleri, senagat desgalaryny we infrastrukturany ösdürmek ýaly dürli pudaklarda işewürlik üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe — diýip Daewoo E&C-niň başlygy aýtdy. — Bu taryhy döwlet saparyndan soň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek arkaly Merkezi Aziýa bazaryndaky ornumyzy berkitmäge borçlanýarys.

Ýene degişli makalalar

14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistanda dökün zawodyny gurar
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Innowasiýa esaslanýan durnukly ösüşiň ekologiýa bilen sazlaşygy