Koreýa Ýarym Adasy Dartgynlaşýar

Koreýa Ýarym Adasy Dartgynlaşýar

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi, ABŞ bilen söweşmek üçin 1 million 400 müň adamyň harby goşunyň hataryna ýazylandygyny habar berdi.

Habarda, harby goşunyň hataryna goşulmak üçin nobata duran ýaşlaryň wideo ýazgylaryna ýer berildi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kimiň hepdäniň ahyrynda geçirlen ABŞ bilen Günorta Koreýa garşy ýadro hüjüm senarili harby türgenleşige gatnaşandygy nygtaldy.

ABŞ bilen Günorta Koreýanyň harby goşunlary sebitde soňky ýyllaryň iň uly harby türgenleşigini geçirýär.

Demirgazyk Koreýa, Günorta Koreýanyň paýtagty Seuldan 65 kilometr alysda geçirilýän harby türgenleşige berk garşylyk görkezdi.

Türgenleşik basyp alyşlyk synanşygy hökmünde häsiýetlendirildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň BMG-daky Taryhy Çykyşy…
Setirleri döwrümiz bilen sazlaşýan akyldar
Lebaply ýaşaýjylar: PÝGG işgärleri talaňçylyk’ bilen meşgullanýar
Türkiýäni Rasist, Lýumpen Faşizmiň Saý Suwuna Gark Etmäge Hiç Kimiň Güýji Ýetmez
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmen tennisçisi Malaýziýadaky halkara ýaryşda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Kim: "Günorta bilen dartgynlyk iň erbet derejede" diýdi