Koreýa we ABŞ Epidemiýalara Taýýarlyk Üçin Bilelikde Işleşer

Koreýa we ABŞ Epidemiýalara Taýýarlyk Üçin Bilelikde Işleşer

“Korea Biomedikal Rewiewiň” habar bermegine görä Koreýanyň Milli ýokanç keseller instituty bilen ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň hyzmatdaşlygynda ýüze çykmagy ähtimal ýokançlara taýýarlykly bolmak maksady bilen kliniki barlaglar geçirýandigi beýan edildi.

“STRIWE” atlandyrylýan kliniki barlagda ilki bilen täze görnüş koronawirus hassalary üçin täze oýlanyp tapylan antiwiral we immunitet ulgamyny kadalaşdyryjy dermanlaryň seljerilmegi meýilleşdirilýär.

Ýüze çykmagy ähtimal epidemiýa taýýarlyk maksady bilen başladylandygy beýan edilen “STRIWE-niň” kliniki synaglaryna ýerli hassahanalar bilen alymlar gataşyp bilerler.

Koreýanyň Milli ýokanç keseller institutynyň Direktory Çan Hi Çang “Guramanyň ýany bilen ýokanç keseller üçin täze bejergileri oýlap tapmak we ýüze çykjak ýokançlara garşy göreşme ukybymyzy artdyrmak üçin dünýä derejesindäki uly kliniki barlag merkezleri bilen global kliniki synag hyzmatdaşlyk ulgamymyzy dowam etdireris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Hatije Akbaş Finalda…
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Hayyat Travel Aşgabatdan Tailanda syýahatçylyk saparyny hödürleýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistan Pekin+30 konferensiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy