Koreýa Respublikasynyň ilaty türkmen halkynyň medeni däpleri bilen tanyşdy

Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň halk sazlarynyň taryhy“ atly döredijilik çäresini Koreýanyň gaznasy we Aziýanyň Medeni merkezi gurnadylar.

Seul we Kwanju şäherlerinde Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistanadan, Özbegistandan hem-de Koreýa Respublikasyndan halk we estrada aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň çykyşlary boldy.

Türkmenistanyň döredijilik wekilýetiniň hatarynda Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Nurmuhammet Andalyp adyndaky Sazly-drama teatrynyň, Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörüte sungat mekdebiniň aýdymçylary we toparlary bardy. Bagşylardyr estrada aýdymçylary halk aýdymlaryny we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Seulyň Milli muzeýiniň eýwanynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kitap sergisi görkezildi. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda taýýarlanan milli sergi Türkemnistanyň häzirki ösüşleri we onuň taryhy-medeni ähmiýetli gözel ýerleri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Çärelere Koreýa Respublikasynyň döwlet edaralarynyň, işewürler toparnyň, diplomatik wekilhanalaryň, ýurduň jemgyýetçiliginiň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Koreýada bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti
Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Nejep oglan operasy sahnalaşdyrylýar
Hindistanyň Açutamanasa“ tans toparynyň Türkmenistanyň paýtagtyndaky çykyşy şowly geçdi
Garold Neýmark öz 80 ýaş toýuny we skripkaçylar toparynyň 40 ýyllygyny sungat muşdaklarynyň arasynda garşylady
Türkmenistanly we italiýaly aýdymçy-sazandalar Rossininiň eserlerini ýerine ýetirdiler
Parižli sazandalaryň Aşgabatdaky çykyşy