Koreý medeniýetiniň hepdeligi: kino sungaty we başa-baş söweş sungaty

Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň çäklerinde etnostili halaýanlara Säher tämizligi ýurdunyň ilatynyň adaty egin-eşikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi.Aşgabat kinoteatrynda hanbok lybaslarynyň 24 görnüşi görkezildi. Özboluşly Koreý halkynyň milli egin-eşikleri, şeýle hem koreý halkynyň erkekler we zenanlar toý lybaslary özboluşlylygy bilen gyzyklandyrdy.

Soňra aşgabatlylara koreý kinosungaty bilen tanyşmaga mümkinçilik boldy. Ömrümiziň ajaýyp pursady filmi gandbol boýunça Koreýa Respublikasynyň zenanlar ýygyndy toparynyň agzalarynyň ykbalyndan söz açýar, olar käte öz şahsy durmuşy bilen sportuň çapraz gelýän pursatlary kyn netijä gelmeli bolýarlar.

Mysal üçin, toparyň tälimçisi He Kýon Kimiň ýerine başga bir hünärmen alynýar, ýöne ol umumy bähbidiň hatyrasyna öýke-kinesini ýeňip, topara adaty oýunçy bolup gaýdyp gelýär.Emma film diňe munuň bilen ünsüňi özüne çekmeýär.

Biz türgenleriň edermenligi we çydamlylygy, olaryň ahyrsoňy ýeňşe ýetirýändigi barada filmleri köp gördük. Şonuň üçinem bu filmiňem şeýle gutarjagyna garaşýarys.Aýgytlaýjy oýnuň dartgynly pursatlary tomaşaçylary hem biparh goýmaýar.

Olardan hat-da: Öňe, Koreýa, öňe!diýip gygyryşýanlary-da bardy.Ekranda wagty we oýnuň hasabyny görkezýän tablolar gezekli-gezegine görkezilip, seni has-da tolgundyrýardy.Emma kinonyň soňy şowly gutaraýmaga derek, altyn medalyň ykbalyny çözýän pökgüni garşydaşlary tory salanda tomaşaçylar birbada aňka-taňka boldylar.

Belki, režisýor Im Sun Rýonyň pikirine görä, oýnuň şeýle tamamlanmagy medallaryň däl-de, eýsem toparyň agzybirliginiň we ýeňşe yhlasyň has wajyplygyna ünsi çekýan borly. 5-nji senrýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda koreý halkynyň sporty bilen tanyşlyk boldy.

Tomaşaçylaryň aglaba bölegi Türkmen döwlet bedebterbiýe we sport institutynyň talyplarydy.Olar Koreýanyň sport milli uniwersitetiniň taekwondoçylar toparynyň görkezme çykyşyna tomaşa etmäge bu ýere gelipdirler.Taekwondoçylaryň çykyşy türgeneleriň hereketleriniň çeýeligi, güýji we owadanlygy bilen özüne çekýärdi.

Olaryň biri adam boýy ýokary böküp, ýörüte enjama berkidilen tagtany kül-owram edýär.Käte bolsa, urgudan ýaňa pytran agaç bölekleri diňe bir sahna däl, eýsem tomaşaçylaryň arasyna-da düşýärdi, olary dessine sowgat hökmünde garbap alýardylar.

Hatarynda iki gyz bolan koreý talyplar topary diňe bir agaç döwmäge ökdeligini däl, eýsem ussat akrobat we tansçydyklarynam görkezdiler.Olaryň artistçilik zehini ýetik ekeni, käte olar tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmäni, oýun oýnaýan ýaly bolup görünýärdi.

Muňa bir mysal: sahna perdesi aşak düşürilenden soňam perdeleriň arasyndaky yşdan taekwondoçylaryň biriniň gadymy başa-baş söweşler sungatynyň zalda oturan muşdaklary bilen hoşlaşýan eli görünýärdi.

Ýene degişli makalalar

Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti
Argentina Fransiýany utup, dünýä çempiony boldy
Horwatiýa Marokkony utup, DÇ-2022-niň bürünç medalyna mynasyp boldy
Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aşgabatdaky okuw sapagynyň dünýä rekordy hökmünde ykrar ediljekdigine ynanýar
Şu gün Ýewropanyň iň gowy futbolçylary we tälimçisi belli bolar
Rahat Japarow Gyrgyzystanyň kubogynyň finalynda çykyş eder