Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebit we gaz taslamalary bilen gyzyklanýar

Koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebit we gaz taslamalary bilen gyzyklanýar

Ozal habar berşimiz ýaly, Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumyna gatnaşdy.

Forumyň çäginde Dünýägözel Gulmanowa Premýer-ministr Han Dok-so bilen hem gepleşik geçirdi. Koreýanyň hökümetiniň başlygy öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky nebit, gaz we nebithimiýa taslamalary bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Hyundai Engineering we LG International koreý kompaniýalary Türkmenistanda Galkynyş gaz käninde kükürdi arassalamak boýunça desgalary, Gyýanly şäherçesinde bolsa polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny gurdular.

Ozal türkmen wekiliýetiniň birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Ýun Suk Ýol harby dolanşyk synanşygy sebäpli tussag edildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Geljek nesliň dialogy 2024 atly foruma gatnaşýar
Günorta Koreýada litiý batareýa öndürýän zawotda ýangyn boldy
Seulda Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna Türkmenistan tarapyndan sowgat berlen alabaýlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy
Aşgabatdaky Maglumat elýeterliligi merkeziniň hünärmenleri Seulda tälim aldylar
Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Aşgabada döwlet sapary başlanýar