Eýranda mundan alty hepde ozal Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädogry” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň başlan protestler ýurduň içinde we daşynda dowam edýär.
22-nji oktýabrda Eýranda fabrika işgärleri we dükan eýeleri iş taşlaýyş geçiren mahaly, Germaniýanyň paýtagty Berlinde hem aglabasy eýranlylar Tähran hökümetine garşy protest çäresini geçirdiler. Oňa eýranly türkmenlerden dört maşgala hem gatnaşdy.
Bellesek, Eýran etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýurtlarynyň başynda gelýär. Eýranda ýaşaýan türkmenleriň ilat sany barada takyk maglumatlaryň ýokdugyna garamazdan, käbir çeşmelerde olaryň sanynyň 1 million töweregindedigi ýaly çaklamalar öňe sürülýär.
22 ýaşly Amininiň ölümi Eýranda soňky ýyllaryň dowamyndaky iň iri protestleriň döremegine itergi boldy. Ýaş gelin-gyzlar bu hereketleriň başyny çekip, öz baş örtgülerini aýryp, hökümete garşy şygarlary gygyrýarlar.
Bu protestleri basyp ýatyrmak çäreleriniň dowamynda, hukuk goraýjylaryň belleýşi ýaly, azyndan 215 adamyň öldürilendigine garamazdan, demonstrantlar köçelerde howpsuzlyk güýçlerine garşylyk görkezýärler.
Eýse bu protestler barada Eýran türkmenleri näme pikir edýär? Bu hereketler olara nähili täsir ýetirýär? Azatlyk Radiosy geçen şenbe güni Berlinde geçirilen demonstrasiýa gatnaşan, Germaniýada ýaşaýan asly eýranly türkmen Ýusup Kor bilen söhbetdeş boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.