Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy

ABŞ-da geçirilýän 48-nji Kopa Amerikada toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, çärýek finala çykan ýygyndylar belli bolupdy.Toparçalarda 1-nji orny eýeläp, çärýek finala çykan 4 ýygyndynyň hem tälimçisiniň argentinaly bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle statistika çempionatyň taryhynda ilkinji gezek bellige alyndy.

Uumumylykda gatnaşýan 16 ýygyndynyň 7-siniň tälimçis argentinaly bolup, şolaryň dördüsi toparyny çärýek finala çykardy.Olar Lionel Skaloni (Argentina), Fernando Batista (Wenesuela), Marselo Bielsa (Urugwaý) hem-de Nestor Lorenzo (Kolumbiýa) dagydyr.

Toparçaladan çykyp bilmedik Kosta Rikanyň (Gustawo Alfaro), Çiliniň (Rikardo Kareka) hem-de Paragwaýyň (Daniel Garnero) ýygyndylarynyň tälimçileri-de argentinaly hünärmenlerdir. Çempionata Braziliýadan (Doriwal Junior Braziliýa, Antonio Karlos Zago Boliwiýa), Ispaniýadan (Tomas Kristiansen Panama, Feliks Sançes Ekwador) hem-de ABŞ-dan (Gregg Berhalter ABŞ, Jessi Març Kanada) 2, Islandiýadan (Heimir Hallgrimsson Ýamaýka), Meksikadyr (Haýme Lozano Meksika) Urugwaýdan (Horge Fossati Peru) 1 tälimçi wekilçilik etdi.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Täze film
Sportuň taryhynda şu gün 5-nji oktýabr
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
31 klubda çykyş eden Abreu futbol bilen hoşlaşdy