Türkiyäniň geografiki taýdan iň uly we Anadoly Seljukly döwletiniň paýtagty Konýa şäheri, 1950-nji ýyllardan bäri önümçiligi ýerine ýetitilýän süýjiniň bir görnüşi bolan Konýa Peýnir Süýjüsine ýer eýeçiligini edýär.
2019-njy ýylda Konýanyň Söwda palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan we halk köpçüligi tarapyndan Möwlana Şekeri diýip atlandyrylýan Konýa Peýnir Süýjüsi, daş ýaly gaty görnüşine garamazdan, iýilen mahaly agyzda aňsatlyk bilen ereýän, uly göwrümi, tekiz görnüşi, umuman alanyňda ak reňkde bolan, mundan başgada dişlän mahalyň dişiňi gamaşdyrýan bir süýjüdir.
Önümçiliginde çig mal hökmünde şeker, suw, limon kislotasy bergamot aromady ýaly tebigy lezzetler ulanylýan Konýa Peýnir süýjüsiniň düzüminde glýukoza ýaly emeli süýjüdirijiler çürt-kesik ýokdyr.Konýa Peýnir süýjüsiniň önümçiliginde şekeriň derejesiniň azyndan 94 göterim bolmagy zerur.
Konýa Peýnir süýjüsiniň aýratyn özboluşlylyklarynyň biri hem önümçiliginde ulanylýan akartmak usulydyr. Önümçiliginde akartma tapgyry bilen önüme howa goşulýar we göwrümi giňeldilýär.Akartmak işinden soň rulon ýagdaýyna getirilen süýji kesilip, belli bir möhlet saklanýar. Şol tapgyrda agzyňda eräp bilmek aýratynlygyna eýe bolmagy üçin spreý bilen üstüne suw sepilýär, önümiň peýnire meňzemegi sebäpli süýji Konýa Peýnir süýjüsi diýip atlandyrylýar.
Bu amal ussatlygy talap edýändigi sebäpli, süýji önümçiliginde uly ähmiýete eýedir, ýogsam şeker kristallaşar we şepbeşik ýagdaýa geler.