Konstitusiýany üýtgetjek toparyň mejlisi geçirildi, bu toparyň ýanynda ýene-de bir Topar döredilýär

Konstitusiýany üýtgetjek toparyň mejlisi geçirildi, bu toparyň ýanynda ýene-de bir Topar döredilýär

Konstitusion toparyň mejlisinde baş kanuna giriziljek üýtgeşmeler we goşmaçalar barada soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda ýerine ýetirilendigi aýdylýan işler maslahat edilipdir.Bu topara Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi ýolbaşçylyk edýär.

Toparyň başlygynyň orunbasarlygyna 4-nji oktýabrda Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa bellenipdi.Konstitusion topar Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde ýurduň parlamentini iki palataly ulgama geçirmek babatda türkmen prezidentiniň eden teklibinden soň döredildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, 4-nji dekabrda geçirilen ýygnagyň başynda prezident Berdimuhamedow çykyş etdi.Ol Konstitusion toparyň netjeli işlemeginiň möhümdigini belläpdir.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion toparyň ýanynda ýene-de bir Iş toparyny döretmegi tabşyrdy.

Iş topar, resmi maglumata görä, Konstitusiýa giriziljek goşmaçalar we üýtgeşmeler boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek we umumylaşdyrmak bilen meşgullanar.Döwlet mediasy bu topara deputatlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň we beýlekileriň gatnaşdyrylýandygyny habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, resmi habarda Konstitusiýa giriziljek üýtgeşmeler we goşmaçalar bilen baglylykda ilat arasynda gürrüňdeşlikleriň geçirilýändigi öňe sürülýär, teklipleriň seljerilýändigi aýdylýar.

Prezidentiň çykyşyndan soň, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewa söz berlipdir.Ol çykyşynda göz öňünde tutulýan konstitusion üýtgeşmeleri “Türkmenistanda demokratiýanyň dabaralanmagy” häsiýetlendiripdir.TDH-nyň maglumatyna görä, Babaýewdan soň Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew söz sözläp, täze üýtgeşemleri wagyz etmek boýunça Maryda döredilen Ýörite toparyň işi barada habar berdi.

Onuň sözlerine görä, ýörite topar ilat arasynda “sowal-jogap” görnüşinde pikir alyşmalary gurnaýar.Resmi habara görä, 4-nji dekabrda geçirilen ýygnakda başga-da birnäçe resmi çykyş edip, ýurtda iki palataly sistema geçmek boýunça göz öňünde tutulýan üýtgeşmeleri magtapdyr.

Berdimuhamedow çykyşlarynda iki palataly sistema geçilmegi bilen kanun çykaryjy häkimiýetde ilatyň ähli gatlagyna wekilçilik ediljekdigini öňe sürýär. Ýöne ýerli we halkara synçylar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgeşmelere soragly çemeleşýär. Ýewraziýa boýunça ekspert Wiktoriýa Klementiň “Atlantik Geňeş” ylmy-barlag institunyň websaýtynda çap edilen makalasyna görä, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda iki palataly ulgamy döredenden soň, Mejlis bilen birleşdiriljek Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde kanun çykaryjy häkimiýetiň başyna-da geçip, ogly Serdar Berdimuhamedowa prezidentligi “miras galdyrmagy”, özüniň bolsa “tagtyň arkasynda” ýurdy dolandyrmaga dowam etmegi maksat edinýändigini aýdýar.

Beýleki taradan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli synçylar mundan ozalky çykyşlarynda Türkmenistanda Konstitusiýa giriziljek goşmaçalary “gözboýagçylyk” häsiýetlendirdiler.Wideo: Häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesi Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Gysga aralyga uçar gatnawy gadagan edildi
Dünýä Türkmenleri: Amerikan alymy Türkmenistan ýatlamalary, türkmen dili we 'türkmençilik' barada
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
W.Klement: Täze ilçiniň bellenmegi ABŞ-nyn Türkmenistandaky bähbitlerine syn salmak mümkinçiligini döredýär