Dünýäniň diňe 77 ýurdunda abort isleg boýunça elýeterlidir. Galan ýurtlarda bu hyzmaty almaga garşy ol ýa-da beýleki görnüşde çäklendirmeler bar. Halkara Reproduktiw saglygy goraýyş merkeziniň maglumatyna görä, her ýylda 39 müňe golaý adam howpsuz abort sebäpli ölýär.
Bütindünýä aborta hukuk güni mynasybetli "Nastoýaşeýe Wremýa" telekanaly dünýäde howpsuz şertde göwreliligiň öňüni almak meselesinde, geçen ýylyň dowamynda nämäniň üýtgändigini aýdýar.
Doly möçberli urşuň başlanmagy bu ýurtdaky howpsuz abort mümkinçiligine täsir ýetirdi. Aýratyn-da, bu basylyp alnan territoriýalarda galanlara we rus harbylarynyň jynsy zorlugyna duçar edilenlere degişlidir.
Halkara haýyr-sahawat guramalary ýerli guramalar bilen hyzmatdaşlyk edip, Ukraina abort dermanlaryny yzygiderli iberýärler. Şeýle hem Litwanyň feminist guramasy uruş sebäpli lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň çäkli bolan sebitlerinde birnäçe mobil ginekologiýa stansiýalary Ukraina berdi.
Uruşdan gaçyp, başga ýurtlara baranlara hem abort meselesi kynlaşdy. Bosgunlaryň köpüsi Polşada galdylar, ol ýerde bolsa göwreliligi bes etmäge garşy berk kanun bar. Şoňa görä-de, çagany aýyrtmak üçin aýallar ýa Ukraina dolanmaly, ýa-da beýleki Ýewropa ýurtlaryna gitmeli bolýarlar, bularyň ikisi-de uly çykdajylary talap edýär.
Ýewropa Bileleşiginde Gender deňligi institutynyň geçiren barlagyna görä, bosgun aýallar reproduktiw saglyk we göwreliligi bes etmek bilen bagly mugt kömek alyp bilerler, şeýle hem ÝB-niň 26 ýurdunyň diňe 13 sanysynda krizis merkezlerinde kömek alyp bilerler.
Russiýa çagany aýyrtmagy doly gadagan etmedik bolsa-da, ýyl saýyn düýpli çäklendirmeleri alyp barýar.
Aborta garşy göreş çäreleri mekdeplere, keselhanalara we köpçülikleýin habar serişdelerine geçirilýär. Sahalinde bir mekdep klubynda ýokary synp okuwçylaryna abortyň howpludygy barada filmiň görkezilendigi belli boldy. Onda hirurgiki abort prosesi uly ekranda ýakyndan görkezilipdir.
2023-nji ýylda Orsýetiň Saglygy goraýyş ministrligi göwreliligi medisina taýdan bes etmek üçin derman serişdelerine elýeterliligi çäklendirdi. Ol permana laýyklykda, lukmanlaryň "aýallarda aborta ýaramaz garaýşy" döretmelidigi aýdylýar. Şeýle-de, Döwlet Dumasyna "çagasyzlyk propagandany" gadagan etmek hakyndaky kanun taslama garamaga girizildi.
Bu babatda adam hukuklaryny goraýjylar "Abort hukugy" atly maglumat we hukuk portalyny başlatdylar. Bu portalda zenanlara lukmançylyk we hukuk meseleleri boýunça jikme-jik maglumat we maslahatlar berilýär.
Türkmen kanunçylygy göwreliligiň ilkinji bäş hepdesinde, çagany aýyrtmaga resmi taýdan rugsat berse-de, aslynda abort üçin rugsat almak örän kyn. 2024-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we kanun goraýjy edaralaryň wekilleri lukmanlara abortlary geçiren halatynda, diplomlaryny ýitirip biljekdigi bilen haýbat atdylar.
Aşgabatdaky lukmançylyk edaralarynyň biriniň işgäri abort meselesi bilen lukmana ýüz tutan aýallaryň "derrew kowlup çykarylandygyny" žurnalistlere gürrüň berdi. Göwreliligiň bes edilmegi diňe düwünçekde çaganyň ösmegi bes eden ýa-da onuň ýüregi urmadyk halatlarynda geçirilýär. Bu ýagdaýda, gizlin abort edýän lukmanlar hem bar, ýöne adatça olaryň täsirli howandary bolýar we muny diňe tanyşlary üçin edýärler.
Indoneziýanyň häkimiýetleri örän ýokary bolan eneleriň ýaş üstünden ölümine garşy göreşmek maksady bilen göwreliligi bes etmek baradaky kanunçylygy üýtgedipdi.
Indoneziýada Günorta-Gündogar Aziýadaky iň agyr kanunlaryň biri bar: aborta diňe 6-njy hepdä çenli zorlanan we agyr keseller ýüze çykan halatlarynda rugsat berilýär. Çagany bikanun aýran lukmanlara bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär. Göwreliligiň 6-njy hepdesinden soň çagany aýyrdan aýallara hem türmä basylmak howpy abanýar.
Şol bir wagtda, Indoneziýada ýaş üstünden ene ölümi sebitde iň ýokary derejeleriň birini eýeleýär. BMG-niň maglumatyna görä, ýurtda her 100 müň diri doglan çaga üçin, azyndan 189 aýal göwrelilik ýa-da onuň agyrlaşmagy sebäpli ölýär.
2024-nji ýylda Indoneziýanyň häkimiýetleri göwreliligi bes etmäge rugsat berilýän möhleti 14-nji hepdä çenli uzaltdy. Ýöne öň aýal zorlanan halatynda lukmanyň gelen netijesi abort üçin ýeterlik bolsa, indi ony polisiýanyň hem tassyklamagy zerur edildi.
ABŞ-nyň Ýokary sudy 2022-nji ýylda Konstitusiýa boýunça çagany aýyrtmak hukugyny ýatyrdy, indi her bir Ştata çagany aýyrtmagy gadagan etmäge mümkinçilik berýär.Iki ýyldan soň bu mesele aktiwistleriň, syýasatçylaryň, medisina işgärleriniň we adam hukuklaryny goraýjylaryň arasynda esasy temalaryň biri bolup galýar.
Gadaganlyklar we çäklendirmeler käbir Ştatlarda aýallaryň ölen göwreliligi götermäge mejbur edilmegine getirdi.Missisipi ştatynda zorlanan 13 ýaşly gyzjagaza çagany aýyrtmak hukugyny inkär etdiler.
“Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň habar bermegine görä, diňe 2023-nji ýylda 170 müňden gowrak aýal maslahat ýa-da çagany aýyrtmak üçin, goňşy Ştatlara gitmäge mejbur bolupdyr. Şeýle hem ýurtda aýallara ýol çykdajylaryny ödemäge kömek etmek maksady bilen haýyr-sahawat guramalary döredildi.
Abort meselesinde iň bir liberal kanun Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda bar. 2024-nji ýylda Fransiýa Konstitusiýada aborta bolan hukugy göz öňünde tutýan az sanly döwletleriň birine öwrüldi.
Ýöne Polşada göwreliligiň öňüni almak barada, dünýädäki iň berk kanun hereket edýär. Abort ýurtda hatda düwünçegiň patologiýasy ýüze çykanda, hatda enäniň janyna howp abanan ýagdaýynda-da gadagandyr. Polşada aýallaryň ölümi we öli doglan çagalar barada habarlarda aýdylýar.
Şeýle hem göwreli aýallardaky dogabitdi kemçilikler barada yzygiderli gürrüňler peýda bolýar. Aborty howpsuz ýerine ýetirmäge kömek edýän aktiwistler sud edilýär. 2023-nji ýylda täze hökümet abort bilen bagly kanunlary liberallaşdyrmagy wada berdi. Emma parlamentde konserwatiw partiýa bilen bolan çaknyşyk sebäpli, bu heniz başa barman gelýär.
Salwador 25 ýyldan gowrak wagt bäri aborty doly gadagan etmek kanuny bilen ýaşaýar. Ýurduň Konstitusiýasynda adamzadyň ýaşaýşy "göwrelilik pursadyndan" goraýar.Jenaýat kodeksinde göwreliligiň bes edilmegine hiç hili ýagdaýda ýol berilmeýär.
Aýalyň janyna we saglygyna howp abansa-da, kadadan çykmaga rugsat edilmeýär.Düwünçegiň saklanyp galmagyna hiç bir mümkinçilik ýok bolsa-da, aýal göwreliligi saklamaga borçludyr.Giçki tapgyrdaky göwrelilikde çagany aýyrdany üçin, aýala we lukmana 50 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Argentinada aýal guramalarynyň köp ýyllaryň dowamynda eden tagallalaryndan soň, 2020-nji ýylda çagany aýyrtmak resmi taýdan kanunlaşdyryldy. Ýöne 2023-nji ýylda aşa sagçy syýasatçy Hawýer Mileýiň hökümet başyna gelmegi bilen aborty gadagan etmek baradaky diskussiýa gaýdyp gelindi. Mileý aýalyň diňe bedenine erkindigini, embrionyň, ýagny düwünçegiň onuň agzasy däldigini aýdyp, bu meseläni referenduma girizmegi teklip edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.